Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Okat­ma­gyň iş­jeň usul­la­ry

Okat­ma­gyň iş­jeň usul­la­ry

19 Oktýabr, 2026 Makalalar
32

Türk­men di­li­ni okat­mak­da döw­re­bap we kä­mil usul­la­ry or­naş­dyr­mak – munuň özi di­liň baý gur­lu­şy­ny hä­zir­ki za­man usul­la­r, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar hem-de funk­sio­nal amal­lar bi­len ut­gaş­dyr­mak­dyr. Dil dur­mu­şy yzy­gi­der­li be­ýan ed­ýän, hal­ky­my­zyň ru­hy ah­wa­ly­ny, me­de­ni­ýe­ti­ni bi­ze ýe­tir­ýän gu­ral hök­mün­de ka­bul edi­len­de, onuň do­wam­ly­ly­gy hem-de gel­jek­ki ne­sil­le­re aras­sa gör­nüş­de ýe­ti­ril­me­gi do­ly ke­pil­len­di­ril­ýär. Türk­men di­li der­si oka­dy­lan­da, tä­ze mag­lu­mat­la­ryň okuw­çy­la­ryň aňyn­da uzak wagt­la­ýyn gal­ma­gy üçin bir­nä­çe iş­jeň usul­lar­dan peý­da­lan­mak müm­kin. Mor­fo­lo­gik aw­to­ma­tlaşma, ýa­ly usul­ ar­ka­ly okuw­çy­la­ryň iş­jeň­li­gi­ni ga­zan­mak müm­kin.

Mor­fo­lo­gik aw­to­ma­tlaşma okuw­çy­la­ryň iş­jeň­li­gi­ni we go­şul­ma­la­ryň söz­lem­de ýa-da tekst­de üns­den düş­mez­li­gi­ni üp­jün ed­ýär. Mu­gal­lym okuw­çy­la­ra bir asyl sö­zi my­sal getirýär we okuw­çy­lar şol asyl sö­ze yzly-yzyna go­şul­ma goş­ýar­lar, iň so­ňun­da ony söz­le­me öwür­ýär­ler. Ne­ti­je­de, okuw­çy­lar türk­men di­li­niň aggl­ýu­ti­na­tiw (go­şul­ma­ly) gur­lu­şy­ny lo­gi­ki yzy­gi­der­li­lik­de öz­leş­dir­ýär­ler. Me­se­lem:

• Okuw (asyl söz);
• Okuw-çy (at ýa­saý­jy);
• Okuw-çy-lar (köp­lük san);
• Okuw-çy-lar-ymyz (de­giş­li­lik);
• Okuw-çy-lar-ymyz-yň (eýe­lik dü­şüm);
• Söz­lem: Okuw­çy­la­ry­my­zyň okuw ki­tap­la­ry be­ril­di.

Funk­sio­nal in­teg­ra­si­ýa ar­ka­ly okuw­çy türk­men di­lin­de öw­re­nen mag­lu­mat­la­ry­ny baş­ga ders­ler bo­ýun­ça­ hem ber­kid­ýär, şeý­le­lik­de, der­sa­ra bag­la­ny­şyk eme­le gel­ýär. Şun­luk­da, dil beý­le­ki ylym­la­ry öw­ren­me­giň we be­ýan et­me­giň gu­ra­ly­na öw­rül­ýär. Me­se­lem, türk­men di­li sa­pa­gyn­da «Sin­tak­sis» ýa-da «Çe­per stil» di­ýen te­ma­lar ge­çi­len­de, okuw­çy­la­ra ta­ryh sa­pa­gyn­da öw­re­nen bir şah­sy­ýe­ti, my­sal üçin, Sol­tan San­jar, Tog­rul beg ba­ra­da gys­ga wi­deo­şe­kil ýa-da pre­zen­ta­si­ýa taý­ýar­la­mak tab­şy­ryl­ýar. Şonuň netijesinde hem:

• Okuw­çy ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ry jem­le­ýär (ta­ryh sa­pa­gy);
• Pre­zen­ta­si­ýa­ny komp­ýu­ter­de di­zaýn ed­ýär (in­for­ma­ti­ka sa­pa­gy);
• Ýaz­gy­la­ry aras­sa türk­men ede­bi di­lin­de beýan edip, la­byz­ly oka­ýar (türk­men di­li sa­pa­gy).

Di­liň jem­gy­ýet­dä­ki or­nu­ny we gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­ti­ril­me­li kä­mil nus­ga­sy­ny go­rap sak­la­mak, il­kin­ji no­bat­da, ony okat­ma­gyň usu­ly­ýe­ti­ne bag­ly­dyr. Di­li adam psi­ho­lo­gi­ýa­sy­nyň, mil­li gym­mat­lyk­la­ryň we san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň sin­te­zi ar­ka­ly okat­mak onuň dur­nuk­ly­ly­gy­ny, do­wam­ly­ly­gy­ny we gel­jek­ki ne­sil­le­re aras­sa gör­nüş­de ýe­ti­ril­me­gi­ni üp­jün ed­ýär.

Ser­dar GA­RA­BA­ÝEW,
Kö­neür­genç et­ra­byn­da­ky 2-nji or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my.