Çagalar baglarynyň uly toparlarynda körpeler mekdebe taýýarlanylýar. Sözleýşi ösdürmek, sowat öwretmek sapaklarynda olara ses, bogun, söz barada düşünje berýäris. Şeýle hem sözüň düzümindäki sesleri saýgarmak, derňemek, sözi bogna bölmek, sözlem düzmek, harplardan söz ýazmagy, olary okamagy öwredýäris.
Mekdebe çenli ýaşly körpä sowat öwretmek, onuň başlangyç düşünjelerini çaganyň aňyna ýetirmek yhlasly zähmeti, döredijilikli işlemegi talap edýär. Şonuň üçin guraýan sapaklarymyzy dürli oýunlary, täsirli usullary peýdalanmak arkaly işjeň ýagdaýda alyp barýarys. Sapakda dürli okuw-görkezme esbaplaryny, döwrebap tehniki serişdeleri, goşgudyr aýdymlary, çeper mazmunly suratlary döredijilikli ulanýarys.
Mekdebe çenli ýaşly çagalaryň ünslerini belli bir düşünjä gönükdirmegiň, şonuň bilen birlikde, bu ýaşdaky çagalara sowat öwretmegiň aňsat däldigi hemmämize mälimdir. Çaga sapagyň dowamynda ýadawlygy duýmaly däldir. Şu maksat bilen, sapagyň dowamynda dynç alyş maşklaryny geçirýäris. Şonda maşklar çeper dilde aýdymdyr goşgular bilen ýerine ýetirilse, oňa çagalaryň ählisi höwesli hem işjeň gatnaşýarlar.
Körpelere bilim-terbiýe bermekde sapagyň dowamynda oýun usulyny ulanmak has ýokary netije berýär. Çünki oýunlar çagalaryň durmuşynda uly orun eýeleýär. Körpeler bilen dürli-dürli oýunlary, ýagny keşpli, sahnalaşdyrylan, mazmunly, milli we hereketli, didaktiki oýunlary guraýarys. Sapakda okatmagyň oýun tärlerini dürli ýaşdaky toparlarda ulanýarys. Oýun arkaly sapakda gyzykly pursatlary döredýäris. Şeýlelikde, körpeleriň sapaga bolan höwesi artyp, ukyp-başarnyklary ele almaklarynyň netijeliligi ýokarlanýar.