Edebiýat sapaklarynda okuwçylara şahyrana türkmen halkymyzyň döreden halk döredijilik eserleri, dessanlar, şadessanlar, romanlar, powestdir poemalar, hekaýalardyr goşgular öwredilýär.
Umumybilim berýän orta mekdepleriň 7-nji synpynda edebiýat dersinden «Hüýrlukga-Hemra» dessany. Dessanyň bagşylar tarapyndan aýdylyşy» diýen tema geçilende, dessandan berlen bölegi gürrüň bermek bilen, ondaky goşgulary hem okuwçylara ýatdan öwretmek üçin eseriň baş gahrymanlarynyň aýdyşyklaryny heňe salyp, aýdym edip aýtdyrmak usulyny ulanýarys. Bu bolsa okuwçylaryň sözleýşini, ýatkeşligini ösdürmek bilen birlikde, olaryň aýdym aýtmaga bolan başarnygyny hem ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.
Halk arasynda irki döwürlerden bäri meşhur bolup gelen eserleriň biri-de «Hüýrlukga-Hemra» dessanydyr. Bu eser gozgaýan meselesi babatda, çeperçiligi boýunça terbiýeçilik ähmiýeti uly halk dessanlarynyň hatarynda durýar. Bu dessan türkmeniň dessançylyk däbine eýerilip döredilipdir. Dessanlar türkmen edebi mirasynda ähmiýetli orny eýeleýär. «Hüýrlukga-Hemra» dessany türkmen halk dessanydyr. Bular dogrusynda okuwçylara giňişleýin maglumat berýäris.
Sapagyň dowamynda audio we wideoýazgy arkaly bagşylaryň ýerine ýetirmeginde dessandan halk aýdymlaryny eşitdirýäris. Bu bolsa aýdymyň sözleri bilen birlikde, okuwçylara onuň sazyny, ýagny heňini öwrenmäge ýardam edýär. Soňra multimedia tagtasyndan peýdalanyp, «Bagşy bilen ýagşy atyň belli baýragy bolmaz», «Il çalan surnaýyň sesi uzakdan geler», «Sözi paýhas bezär, sazy ‒ sungat», «Sazanda gyjagyndan belli, bagşy ‒ owazyndan», «Dutar ‒ dile geler, gyjak ‒ ýürege» ýaly nakyllardyr atalar sözleriniň manysyny düşündirýäris.
Türkmen halk dessanlary, şonuň ýaly-da, nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň şygyrlaryna bagşylarymyzyň ýerine ýetirýän aýdymlary asyrlarboýy aýdylyp we halk köpçüligi tarapyndan uly höwes bilen diňlenip gelinýär.
Dessan aýdýan bagşylarymyzyň şirin owazy we suwara dili arkaly dessanlarymyz biziň günlerimize gelip ýetipdir. Dessanlarymyzdaky şygyrlaryň aglaba bölegi aýdyma öwrülip, halk arasynda uly meşhurlyga eýe boldy. Sapagyň dowamynda dessançy bagşy-sazandalarymyzyň döredijiligi barada okuwçylar bilen özara söhbetdeşlik guraýarys. «Hüýrlukga-Hemra» dessanynyň gahrymanlary barada sorag-jogap alyşmak arkaly sapagy berkidýäris. Okuwçylara öýde dessandan berlen bölegi özbaşdak okamagy we gürrüň bermäge taýýarlanmagy hem-de dessandaky goşgulardan ýat tutmagy goşmaça ýumuş hökmünde tabşyrýarys.