Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimizi watansöýüjilik, päk ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde, olaryň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşini gazanmakda, ylymly-bilimli, kämil hünärli, belent adamkärçilikli, ruhubelent, zähmetsöýer şahsyýetleri kemala getirmekde giň möçberli, tutumly işler amala aşyrylýar.
Ata Watanymyzyň buýsanjy, ýagty geljegiň eýeleri bolan ýaşlara watançylyk terbiýesini bermekde Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-çeper döredijiligi, wesýetleri we pähim-paýhaslary, ýaşlar bilen geçirýän umumy okuw sapaklary nusgalyk mekdepdir. Gahryman Arkadagymyzyň Bilimler we talyp ýaşlar güni, şeýle hem täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy okuw sapagy uly many-mazmuna eýedir. Bu umumy okuw sapagynda Garaşsyz ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, içeri we daşary syýasatymyz, baky Bitaraplygymyz, şöhratly taryhymyz, milli mirasymyz, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, mugallymlaryň pedagogik ussatlyklaryny, hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmak baradaky çuňňur garaýyşlar, filosofik pikirler giňişleýin beýan edilýär. Ol ýaş nesillerde watançylyk duýgularyny, milli buýsanjy we zähmete bolan söýgini kemala getirmekde, mugallymlaryň pedagogik döredijiligini kämilleşdirmekde bahasyna ýetip bolmajak nusgalyk mekdepdir.
Ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek barada Gahryman Arkadagymyz umumy okuw sapagynda şeýle belleýär: «Men öz çykyşymy esasy zatdan – watançylyk düşünjesinden başlamak isleýärin. Islendik adamyň Watana söýgüsi adaty, sagdyn duýgudyr. Ýaş adam üçin bolsa bu aýratyn many-mazmuna eýedir. Sebäbi hut şol ýyllar onda Watana bolan söýgi, ýurduna bolan buýsanç duýgusy kemala gelýär. Watana wepaly, mynasyp hyzmat etmelidigine akyl ýetirýär».
Öz halkyna, eziz Watanyna, mukaddes topragyna joşgunly ýürek söýgüsini, egsilmez mähir-muhabbetini beýan edýän Milli Liderimiz özüniň şahsy göreldesi, bitirýän nusgalyk işleri bilen Watan mukaddesligini ezizlemegi, oňa bolan çuňňur wepalylyk duýgusyny terbiýelemegi her birimiziň kalbymyza guýýar.
Ynsany gözelleşdirýän, mertebesini belende göterýän, ony mukaddes toprak, il-ýurt bilen berk baglanyşdyrýan duýgy Watana bolan çäksiz söýgüdir.
Hemmetaraplaýyn ösen, giň dünýägaraýyşly, milli ruhly, watansöýüji, kämil şahsyýeti kemala getirmek häzirki ajaýyp döwrümiziň esasy maksady hem-de möhüm pedagogik wezipeleriň biridir. Bu bolsa ýaşlaryň kalbynda çuňňur watançylyk duýgusyny kemala getirmekden, Watan düşünjesini iň mukaddes ezizlik hökmünde hakydalara ornaşdyrmakdan, ýaşlaryň kämil bilim-terbiýe alyp, Watana mynasyp hyzmat edip, ony gülletmek işine öz goşandyny goşmakdan ybaratdyr.
Gahryman Arkadagymyz ýaşlara diňe bir ata Watany jandan söýmegi däl, eýsem, watansöýüji ýaşlaryň özlerinde kemala getirmeli ýokary derejedäki kämil ruhy-ahlak sypatlaryny hem ündeýär.
Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Türkmen ýaşlary ata-babalarymyzyň yhlasy siňen türkmen topragynyň her bir daban ýeriniň mukaddesdigini hiç wagt unutmaly däldirler!
Türkmen ýaşlary öz pederleriniň Watanyna wepaly, ynsanperwer, adalatly, sahawatly, asylly, sabyr-kanagatly ynsanlar bolandyklaryny hiç wagt unutmaly däldirler!
Türkmen halkynyň gadymdan gözbaş alýan watansöýüjiligi, gahrymançylygy we edermenligi bu günki türkmen ýaşlaryny bezeýän iň asylly, iň arzyly milli häsiýetler bolmalydyr. Goý, siziň batyr, edermen, gaýduwsyz häsiýetleriňiz watansöýüjiligiň ajaýyp tugy bolup, dünýäde belentden parlasyn!» diýip, her bir ynsany Watany päk kalbyndan söýüp, bu owadan hem asuda Diýaryň gadyryny bilip, onuň duzuna wepaly bolmaga, ony goramaga, ata Watanyň, il-ýurduň hatyrasyna gahrymançylykly işleri bitirmäge ruhlandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň geçiren umumy okuw sapagy ýaş nesliň durmuş ýoluny kesgitleýän, olary geljekde beýik maksatlara ruhlandyrýan, watançylyk ruhunda terbiýeleýän beýik ýoldur. Umumy okuw sapagynda öňe sürlen pikirler we öwüt-ündewler her birimiz üçin nusgalyk mekdepdir. Her bir bilim işgäri Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagynyň mazmunyny körpeleriň, okuwçylaryň ýaş aýratynlygyna laýyklykda düşündirmelidir.
Ýaş nesliň döwrebap, kämil bilim almagyna giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!