Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Bi­lim­li ne­sil — Wa­ta­nyň kuw­wa­ty

Bi­lim­li ne­sil — Wa­ta­nyň kuw­wa­ty

17 Oktýabr, 2026 Makalalar
38

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, zehin-başarnyklaryny ösdürmegi, ruhy-ahlak taýdan kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler her birimizi buýsandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, 2-nji sentýabrda Milli Liderimiziň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy okuw sapagy möhüm ähmiýete eýedir.

Türk­men hal­ky­nyň milli ter­bi­ýe ýö­rel­ge­le­rin­de edep-ek­ram­ly­lyk, ula hor­mat, ki­çä sar­pa, zäh­met­sö­ýer­lik, yn­san­per­wer­lik we Wa­ta­na we­pa­ly­lyk ýa­ly hä­si­ýet­le­re aý­ra­tyn orun be­ril­ýär. Pe­der­le­ri­miz bu gym­mat­lyk­la­ry asyr­la­ryň do­wa­myn­da ne­sil­den-nes­le ge­çi­rip, ýaş­la­ryň ter­bi­ýe­sin­de maş­ga­la bi­len jem­gy­ýe­tiň öza­ra bag­la­ny­şy­gy­na uly äh­mi­ýet be­rip­dir­ler. Şo­ňa gö­rä-de, Milli Liderimiziň çy­ky­şyn­da ýur­du­my­zyň ösüş­le­ri, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sa­ty, ýaş­la­ryň jem­gy­ýet­dä­ki or­ny, ola­ryň döw­le­tiň, jem­gy­ýe­tiň, ata-enä­niň we maş­ga­la­nyň öňün­dä­ki mu­kad­des borç­la­ry bi­len bag­ly mö­hüm ga­ra­ýyş­lar be­ýan edil­di.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Mu­gal­lym okuw­çy­la­ryň dur­mu­şyn­da yz gal­dyr­ýan ha­ly­pa­dyr. Şo­ňa gö­rä-de, mu­gal­lym he­mi­şe öz bi­li­mi­ni art­dyr­ma­ga ça­lyş­ma­ly­dyr. Döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk tä­ze usul­la­ry öw­re­nip, hü­när de­re­je­si­ni kä­mil­leş­dir­me­li­dir» di­ýen söz­le­rin­den ugur alyp, biz — mu­gal­lym­lar okuw­çy­la­ryň bi­lim de­re­je­si­ni art­dyr­ma­ga, ola­ryň öz­baş­dak öw­ren­mä­ge bo­lan hö­we­si­ni gol­da­ma­ga mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýä­ris. Çün­ki bi­lim-ter­bi­ýe ul­ga­myn­da öň­de go­ýul­ýan we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi, il­kin­ji no­bat­da, mu­gal­ly­myň hü­när us­sat­ly­gy­na, şah­sy gö­rel­de­si­ne hem-de ýaş nes­liň gel­je­gi­ne bo­lan jo­gap­kär­çi­lik­li ga­raý­şy­na bag­ly­dyr.

Ýur­du­myz­da pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak, halk­la­ryň ara­syn­da dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ýaş nes­liň dün­ýä­ga­raý­şy­nyň gi­ňel­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Bu gym­mat­lyk­la­ry ýaş­la­ryň aňy­na ýe­tir­mek, ola­ry yn­san­per­wer­lik, öza­ra hor­mat we hoş­ni­ýet­li­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek mu­gal­lym­la­ryň öňün­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir. Bu ba­bat­da Milli Liderimiziň umu­my okuw sa­pa­gy her bi­ri­miz üçin bin­ýat­lyk tag­ly­mat­dyr.

Şeý­le­lik­de, Gahryman Arkadagymyzyň ge­çi­ren umu­my okuw sa­pa­gyn­da be­ýan edi­len ga­ra­ýyş­lar, wa­tan­çy­lyk sar­gyt­la­ry ýaş­la­ryň kä­mil şah­sy­ýet hök­mün­de ke­ma­la gel­me­gi­niň mö­hüm şert­le­ri­dir. Goý, ýur­du­myz­da ylym-bi­lim ul­ga­my­nyň ösü­şi­ne, ýaş nes­liň bag­ty­ýar gel­je­gi­ne gö­nük­di­ri­len be­ýik iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jan­la­ry sag, be­lent baş­la­ry aman bol­sun!

Gül­na­za MOL­LA­ÝE­WA,
Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ne ýö­ri­te­leş­di­ri­len 132-nji or­ta mek­de­biň iň­lis di­li mu­gal­ly­my.