Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, şeýle hem maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek babatda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler bilim ulgamyny şu günüň talaplaryna laýyk derejede ilerletmekde giň mümkinçilikleri açýar.
Häzirki wagtda dünýäniň ykdysady taýdan ösen we ösýän ýurtlarynda sanly ykdysadyýet barha ilerleýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, dünýä ylmynyň we tehnologik ösüşiniň täze gazananlary esasynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmakda giň mümkinçilikler döredilýär, innowasion taslamalar durmuşa ornaşdyrylýar. Ylym-bilim, senagat, ulag we kommunikasiýa, saglygy goraýyş, hyzmatlar ulgamy, kiçi we orta telekeçilik ýaly ugurlarda sanly ulgam giň gerime eýe bolýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda sanlylaşdyrmak işi ykdysadyýetiň pudaklarynda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagyň mümkinçiliklerine esaslanyp, elektron hökümet, emeli aň, maliýe tehnologiýalary, sanly hyzmatlar, önümçiligiň awtomatlaşdyrylmagy, bu ugurda kämil hünärmenleri taýýarlamak we halkara tejribäni öwrenmek ýaly ugurlary öz içine alýar. Şunda kämil hünärmenleriň taýýarlygyna uly orun degişlidir. Munuň özi sanly ykdysadyýete geçmekde milli intellektual kuwwaty emele getirýär.
Internet toruna esaslanýan maglumat portallarynda professor-mugallymlardyr talyplar zerur maglumatlardan peýdalanyp bilýärler. Bu kämil maddy-enjamlaýyn binýat halkara internet bäsleşiklerini guramaga hem mümkinçilik berip, indi köp ýyllar bäri ýokary okuw mekdeplerimiz tarapyndan halkara bilim olimpiadalary geçirilip gelinýär. Şunuň netijesinde-de, ýurdumyzda sanly ulgamyň şertleriniň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen, zehinli ýaşlar kemala gelýär.
Ýaşlara bilim bermegi ylmy esasda guramak, okatmagyň häzirki zaman kämil usullaryny ornaşdyrmak, mugallymlaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek ugrunda durmuşa geçirilýän işler, zehinli ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň döwrebap bilim almaga döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleriniň miwesidir. Sanly bilimi ösdürmekde degişli ulgamda zähmet çekýän mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň kompýuter sowatlylygynyň ýeterlik bolmagy zerurdyr. Hut şonuň üçin-de, sanly ulgamyň aýratynlyklaryny giňden öwrenmek maksady bilen, ýokary okuw mekdeplerinde sanly ykdysadyýet dersi öwredilýär. Dürli hünärlerde okaýan talyp ýaşlar bu ugry netijeli özleşdirýärler.
Milli maglumat-kommunikasiýa ulgamynyň toplumlaýyn ösüşi şu günki günde geljegi uly ugurlaryň özleşdirilýändigi bilen tapawutlanýar. Bu babatda iň netijeli taslamalaryň hatarynda ýurdumyzyň IT ulgamynda 5G aragatnaşygyny ýola goýmak, Data merkezlerini döretmek, zatlaryň interneti bilen bagly täze çeşmeleri emele getirmek, emeli aň tehnologiýalaryny halk hojalygynyň dürli pudaklarynda peýdalanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek, kiberhowpsuzlygy döwrebap derejede üpjün etmegiň usullaryny ýola goýmak ýaly işlere uly ähmiýet berilýär. Bu işe talyp ýaşlar hem işjeň gatnaşýarlar. Maglumat tehnologiýalary ulgamynda hünär biliminiň kämilleşdirilmegi ýaşlaryň nazary bilimleri esasynda tejribede has netijeli taslamalary döretmegine ýardam edýär. Bu ugurdaky tagallalaryň oňyn netijeleri berýändigini ýurdumyzda maglumat we telekommunikasiýa ulgamyny, tehnologiýanyň tejribelerini öwrenmäge ýöriteleşen ýokary okuw mekdeplerinde, şol sanda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda berilýän döwrebap bilimiň hili aýdyň görkezýär. Talyp ýaşlaryň özleşdirýän innowasion bilimleriniň amaly netijeleri «Sanly çözgüt» innowasion taslamalar bäsleşiginde, şeýle hem her ýylda geçirilýän halkara maslahatlardyr sergilerde halk köpçüligine giňden ýetirilýär.
Dünýä tejribesini yzygiderli özleşdirýän ýaşlar täze giň mümkinçilikli, jemgyýetiň isleglerine kybap gelýän sanly taslamalary durmuşa geçirýärler. Şonuň netijesinde hem milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmakda täze sepgitlere ýetilýär. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň halk hojalygynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň güwäsidir. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artmagy, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.