Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Teh­no­lo­gi­ýa­lar we san­ly ul­gam

Teh­no­lo­gi­ýa­lar we san­ly ul­gam

7 Oktýabr, 2026 Makalalar
48

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da öňe­gi­diş­lik­ler ga­za­nyl­ýar, be­ýik mak­sat­lar, oňyn öz­gert­me­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ata Wa­ta­ny­myz­da ylym, bi­lim öw­ren­mek ýö­rel­ge­si bar­ha ro­waç­lan­ýar. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de esa­sy ugur­la­ryň bi­ri mek­dep okuw­çy­la­ry­my­zyň, ta­lyp ýaş­la­ry­my­zyň ýo­ka­ry we hal­ka­ra de­re­je­sin­de bi­lim al­mak­la­ry­na giň müm­kin­çi­li­giň dö­re­dil­me­gi­dir. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de ylym we bi­lim ul­ga­my uly sep­git­le­re ýet­di. Şol bir wag­tyň özün­de yl­my teh­no­lo­gi­ýa­lar bar­ha çalt dep­gin­ler bi­len ös­me­gi­ni do­wam ed­ýär. Bu bol­sa bi­ziň ýaş­la­ry­my­zyň öňün­de oka­ma­gy we öw­ren­me­gi has-da güýç­len­dir­me­gi uly we­zi­pe edip goý­ýar.

Ýur­du­myz­da bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­mä­ge, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mad­dy-üp­jün­çi­lik bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, tej­ri­be-sy­nag iş­le­ri­ni ma­li­ýe­leş­dir­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ylym-bi­lim ul­ga­my pu­dak­lar we te­le­ke­çi­lik işi bi­len saz­la­şyk­ly gat­na­şyk­da goý­lup, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly önüm­çi­lik gu­ral­ýar. Mu­nuň özi ýur­du­my­zy dur­nuk­ly ös­dür­mä­ge esas bol­ýar. Hut şu jä­het­den, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly önüm­çi­li­gi do­lan­dyr­ma­ga ukyp­ly hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak işi­ni bi­lim mak­sat­na­ma­sy­nyň esa­syn­da goý­ýar.

Ýaş­la­ry­myz üçin iň ge­rek­li hem-de ze­rur öw­ren­me­li ugur­la­ryň bi­ri-de hä­zir­ki za­man komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­dan us­sat­lyk bi­len baş çy­kar­makdyr. Hä­zir­ki za­man bi­lim ul­ga­my­ny san­ly ul­gam­syz göz öňü­ne ge­tir­mek as­la müm­kin däl­dir. Şu nuk­daý­na­zar­dan, ta­lyp­la­ryň te­bi­gy bi­lim­le­ri­ni ös­dür­mä­ge, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ra dü­şün­mek­le­ri­ni ga­zan­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär.

San­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ra dü­şün­me­giň il­kin­ji bas­gan­ça­gy komp­ýu­ter til­si­mat­la­ry­ny bil­mek­den baş­lan­ýar. Komp­ýu­ter tor­la­ry­nyň we mag­lu­mat­la­ry­nyň go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de esa­sy we wa­jyp ugur­la­ryň bi­ri-de onuň mag­lu­mat­la­ry­nyň we en­jam­la­ry­nyň dog­ry sak­la­ny­ly­şy­dyr. Ha­tar­dan çy­kan komp­ýu­ter en­jam­la­ry­ny çal­şyp bo­lar, em­ma mag­lu­mat­la­ryň äti­ýaç­lyk gö­çür­me­si bol­ma­sa, komp­ýu­ter to­ru­ny öň­kü­si ýa­ly iş­le­dip bol­maz.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ala­da­sy bi­len hä­zir­ki aja­ýyp dö­wür­de ýaş nes­li­mi­ziň komp­ýu­ter­ler­de iş­le­me­gi öw­ren­mek me­se­le­si ça­ga­lar bag­la­ryn­dan, mek­dep­ler­den baş­lan­ýar. Her ýyl ak mek­dep­le­re il­kin­ji ge­zek ga­dam bas­ýan mek­dep okuw­çy­la­ry­na hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň,

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň adyn­dan «Bi­lim­li» at­ly komp­ýu­ter­ler sow­gat be­ril­ýär. Mu­nuň özi ýaş nes­liň ça­ga­lyk döw­rün­den baş­lap komp­ýu­ter se­riş­de­le­ri­ni peý­da­la­nyp bil­mek­le­ri­ni üp­jün ed­ýär.

Hä­zir­ki wagt­da ata Wa­ta­ny­myz­da ylym-bi­lim ul­ga­myn­da dün­ýä ýurt­la­ry bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk al­nyp ba­ryl­ýar. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­mi­ziň müm­kin­çi­lik­le­ri bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Olar tä­ze bi­na­lar, hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, okuw se­riş­de­le­ri we en­jam­la­ry bi­len do­ly üp­jün edil­ýär.

Je­ren ATA­BA­ÝE­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­niň Be­ýik Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky Har­by ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.