Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm äh­mi­ýe­ti

Ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm äh­mi­ýe­ti

7 Oktýabr, 2026 Makalalar
44

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de de­mok­ra­tik, hu­kuk we dün­ýe­wi, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de bi­lim we ylym ul­ga­my­nyň mil­li ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­ny has-da kä­mil­leş­dir­mek üçin hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, döw­re­bap ka­nun­la­ry taý­ýar­la­mak we ola­ry iş ýü­zün­de dur­mu­şa or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça iş­ler do­wam ed­ýär.

Türk­men hal­ky­nyň tu­tan­ýer­li zäh­me­ti ne­ti­je­sin­de «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da hem bi­lim we ylym ul­ga­my uly üs­tün­lik­le­re eýe bol­mak bi­len, bel­le­nen döw­let we Mil­li mak­sat­na­ma­lar hem-de me­ýil­na­ma­lar ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär.

Hä­zir­ki wagt­da ýaş­lar ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik we yk­dy­sa­dy dur­mu­şy­nyň äh­li pu­dak­la­ryn­da uly orun tut­ýar­lar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de jem­gy­ýet­de ila­tyň ösü­şi­niň we şah­sy­ýet hök­mün­de ke­ma­la gel­me­gi­niň do­wa­myn­da, onuň ömür ýo­lu­nyň äh­li dö­wür­le­rin­de gol­daw ber­ýän kuw­wat­ly mil­li bi­lim ul­ga­my esas­lan­dy­ryl­ýar. Bu ugur­da ýur­du­myz­da ça­ga­lar, ýet­gin­jek­ler hem-de ýaş­lar üçin ola­ryň ze­hin­le­ri­ni, ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny do­ly de­re­je­de aç­ma­ga we dur­muş­da öz orun­la­ry­ny tap­ma­ga ýar­dam ber­ýän müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi do­wam ed­ýär.

Ýur­du­myz­da ila­tyň, şol san­da ýaş­la­ryň hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­me­gi, aý­ra­tyn hem, bel­li bir hü­när bo­ýun­ça bi­lim al­mak­la­ry ba­bat­da äh­li şert­ler, müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär.

Umu­my­bi­lim eda­ra­la­ryn­da dö­re­di­len in­no­wa­sion ekoul­gam okuw­çy­la­ryň üs­tün­lik­le­ri­ne, jem­gy­ýet­çi­lik we yl­my iş­jeň­li­gi­ne oňyn tä­sir ed­ýär we ola­ryň gel­jek­ki bi­lim ýo­lu­ny me­ýil­leş­dir­mek­de esa­sy gör­ke­zi­ji bo­lup hyz­mat ed­ýär. Her ýyl bi­rin­ji synp okuw­çy­la­ry­na hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan milli önüm bolan «Bi­lim­li» at­ly komp­ýu­ter­ler sow­gat be­ril­ýär. Mu­nuň özi döw­le­ti­miz­de kör­pe nes­liň my­na­syp ter­bi­ýe­len­me­gi we saz­la­şyk­ly ös­me­gi ug­run­da edil­ýän ala­da­nyň ýe­ne bir aý­dyň my­sa­ly­dyr.

Okuw­çy­la­ryň bi­lim de­re­je­si hem-de ba­şar­nyk­la­ry bo­ýun­ça gö­zeg­çi­lik iş­le­ri yzy­gi­der­li ama­la aşy­ryl­ýar. Umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep­ler­de okuw­çy­la­ryň gat­na­şy­gy ýo­ka­ry de­re­je­de sak­lan­ýar.

Inkl­ýu­ziw bi­li­me aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da ýö­ri­te bi­lim eda­ralary he­re­ket ed­ýär. Olar­da sag­lyk ýag­da­ýy se­bäp­li müm­kin­çi­li­gi çäk­li ça­ga­lar ýö­ri­te okuw me­ýil­na­ma­la­ry­na we mak­sat­na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da do­ly or­ta ýa-da esa­sy or­ta bi­lim al­ýar­lar.

Ýaş­la­ryň dö­re­di­ji­lik we yl­my müm­kin­çi­lik­le­ri­niň gi­ňel­dil­me­gi döw­le­ti­mi­ziň äh­li ugur­lar­da ama­la aşyr­ýan giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­la­ry bi­len ut­ga­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Hal­ka­ra yl­my-teh­no­lo­gi­ýa par­ky­nyň bin­ýa­dyn­da dö­re­di­len yl­my-önüm­çi­lik müm­kin­çi­lik­le­r ýaş alym­la­ryň tä­ze tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge giň ýol aç­dy.

Yl­my-in­no­wa­sion iş­le­riň ne­ti­je­sin­de ki­çi önüm­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bu müm­kin­çi­lik­ler ýaş alym­la­ra öz açyş­la­ry­ny di­ňe na­za­ry taý­dan däl, önüm­çi­lik de­re­je­sin­de-de iş ýü­zün­de peý­da­la­nyl­ýan tas­la­ma­la­ra öwür­mä­ge, bi­lim bi­len yl­myň hem-de önüm­çi­li­giň ara­bag­la­ny­şy­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty di­ňe bi­lim we dö­re­di­ji­lik bi­len çäk­len­män, jem­gy­ýet­çi­lik we dur­muş ul­ga­my­nyň äh­li bö­lek­le­ri­ni öz içi­ne al­ýar.

Mil­li be­den­ter­bi­ýe we sport ul­ga­myn­da öz­gert­me­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de öz üs­tün­lik­le­ri bi­len Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä gi­ňiş­li­gin­dä­ki ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gö­ter­mä­ge, sport ba­bat­da ga­za­ny­lan­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga sal­dam­ly go­şant goş­ma­ga taý­ýar ze­hin­li ýaş­la­ryň tä­ze nes­li ke­ma­la gel­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň dür­li kün­jek­le­rin­de gur­lan on­lar­ça sport top­lum­la­ry, sta­dion­lar, sport mek­dep­le­ri ýaş­la­ryň spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ma­gy­na giň müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Ýaş­la­ryň hal­ka­ra ýa­ryş­la­ra gat­naş­ma­gy, dün­ýä we Azi­ýa çem­pio­nat­la­ryn­da üs­tün­lik ga­zan­ma­gy ýur­du­my­zyň sport müm­kin­çi­lik­le­ri­niň gi­ňel­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.

Şeý­le üs­tün­lik­ler ýaş­la­ryň di­ňe sport taý­dan däl, eý­sem, wa­tan­çy­lyk we jem­gy­ýet­çi­lik taý­dan hem kä­mil­leş­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zyň ylym ul­ga­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak we kä­mil­leş­dir­mek bi­len bir­lik­de, dün­ýä­niň yl­my gi­ňiş­li­gin­de tut­ýan or­nu­ny ber­kit­mek hem döw­le­ti­mi­ziň esa­sy mak­sa­dy­dyr.

Baý­ram GURT­MY­RA­DOW,
Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi­niň hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk bö­lü­mi­niň baş hu­kuk mas­la­hat­çy­sy.