Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Kör­pe­le­ri ter­bi­ýe­le­me­giň esas­la­ry

Kör­pe­le­ri ter­bi­ýe­le­me­giň esas­la­ry

5 Oktýabr, 2026 Makalalar
56

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­ni, şeý­le hem tä­ze okuw ýy­ly­nyň baş­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li Ar­ka­dag şä­he­ri­niň Ru­hy­ýet köş­gün­de ge­çi­ren umu­my okuw sa­pa­gyn­da şeýle belledi: «Bi­ziň döw­le­ti­mi­ziň iň tä­ze ta­ry­hy dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan yk­rar edi­len Ga­raş­syz­ly­gy­myz­dan baş­lan­ýar. 35 ýy­lyň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň de­mok­ra­tik, hu­kuk we dün­ýe­wi döw­let gur­lu­şy düýp­li ber­ki­dil­di».

Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 35 ýyl­ly­gy hal­ky­my­zyň dur­mu­şyn­da mö­hüm ta­ry­hy äh­mi­ýe­te eýe bo­lan şan­ly se­ne­dir. Ge­çen 35 ýyl­da ýur­du­myz­da dün­ýä ýaň sa­lan ägirt uly iş­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip, äh­li ugur­lar­da be­ýik hem tu­tum­ly öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­dy. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­myn­da hem uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Şol san­da bi­lim ul­ga­my­nyň il­kin­ji bas­gan­ça­gy bo­lan mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry­nyň işi­ni düýp­li kä­mil­leş­dir­mek, kör­pe­je ne­sil­le­ri­mi­zi wa­tan­çy­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek ba­ra­da bi­möç­ber iş­ler ama­la aşy­ryl­dy. Mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ryn­da Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýaş nes­liň wa­tan­çy­lyk duý­gu­la­ry­nyň ter­bi­ýe­len­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär.

Ça­ga­la­ryň Wa­ta­na söý­gü­si­ni, buý­san­jy­ny we mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­za bo­lan hor­ma­ty­ny ös­dür­mek­de Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­na ba­gyş­la­nan baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri, gün­de­lik ge­çi­ril­ýän okuw-ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri mö­hüm se­riş­de bo­lup hyz­mat ed­ýär. Çün­ki şan­ly se­nä ba­gyş­la­nan çä­re­ler ça­ga­lar üçin di­ňe bir baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­sy bol­man, eý­sem, ola­ryň bi­li­mi­ni we ter­bi­ýe­si­ni ös­dür­ýän pe­da­go­gik çeş­me bo­lup dur­ýar.

Ça­ga­lyk­da baş­la­nan wa­tan­çy­lyk ter­bi­ýe­si gel­jek­de Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň ösü­şi­ne öz my­na­syp go­şan­dy­ny goş­jak ýaş nes­li ke­ma­la ge­tir­me­giň bin­ýa­dy bo­lup hyz­mat ed­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz umu­my okuw sa­pa­gyn­da: «Ada­myň ömür­bo­ýy ga­za­nan baý­ly­gy — tä­lim-ter­bi­ýe­si, akyl-paý­ha­sy, ukyp-ba­şar­ny­gy, hü­nä­ri onuň Wa­tan gym­mat­ly­gy ba­ra­da­ky ga­ra­ýyş­la­ryn­da ýü­ze çyk­ýar. Per­zen­diň ter­bi­ýe­si­niň esa­sy maz­mu­ny Wa­tan mu­kad­des­li­gin­de jem­len­ýär» di­ýip bel­le­di.

Ça­ga­lar ba­gyn­da ça­ga­nyň şah­sy­ýe­ti­niň, dün­ýä­ga­raý­şy­nyň bin­ýa­dy go­ýul­ýar. Wa­tan dü­şün­je­si il­ki ça­ga­nyň ýü­re­gin­de duý­gy hök­mün­de ke­ma­la gel­ýär, soň­ra bol­sa aň­ly ga­raý­şa öw­rül­ýär. Kör­pe­le­re mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­myz ba­ra­da dü­şün­je­le­ri ber­mek ne­sil­ler­de Wa­ta­na bo­lan söý­gi­ni we hor­ma­ty ter­bi­ýe­le­ýär.

Mek­de­be çen­li ýaş­da­ky ça­ga­lar ene-ata­ny, öýü­ni, ça­ga­lar ba­gy­ny söý­mek ar­ka­ly ýur­du­na bo­lan söý­gi­niň il­kin­ji ädim­le­ri­ni ät­le­ýär­ler. Bu duý­gy gel­jek­de ha­ky­ky wa­tan­çy şah­sy­ýe­tiň ke­ma­la gel­me­gi­ne esas bol­ýar. Wa­tan­çy­lyk ter­bi­ýe­si ça­ga­nyň mil­li öz­bo­luş­ly­ly­gy­nyň ös­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Ça­ga­lar türk­men hal­ky­nyň däp-des­sur­la­ry, mil­li baý­ram­çy­lyk­la­ry, halk er­te­ki­le­ri, aý­dym­la­ry we oýun­la­ry bi­len tan­şyp, öz mil­le­ti­ne bo­lan buý­san­jy duý­ýar­lar. Bu ola­ryň mil­li aňy­nyň ir ýaş­dan ke­ma­la gel­me­gi­ni üp­jün ed­ýär.

Ça­ga­la­ryň ah­lak­ly­lyk hä­si­ýet­le­ri­niň ös­me­gi­ne Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­na ba­gyş­la­nyp ge­çi­ril­ýän çä­re­ler uly tä­sir ed­ýär, olar­da zäh­me­ti hor­mat­la­mak, ulu­la­ry sy­la­mak, dost­la­ra we­pa­ly bol­mak ýa­ly ah­lak gym­mat­lyk­la­ry­nyň ke­ma­la gel­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Çä­re­ler­de Döw­let baý­da­gy­myz, se­na­myz, ka­sa­my­myz bi­len, ýaş aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, kör­pe­le­ri ta­nyş­dyr­mak olar­da buý­sanç, jo­gap­kär­çi­lik duý­gu­sy­ny ke­ma­la ge­tir­ýär.

Wa­tan­çy­lyk ter­bi­ýe­si jem­gy­ýe­tiň dur­nuk­ly ösü­şi üçin bin­ýat bo­lup hyz­mat ed­ýär. Wa­ta­ny­ny söý­ýän, mil­li gym­mat­lyk­la­ry­na hor­mat goý­ýan ýaş­lar ýur­duň gel­je­gi­niň yg­ty­bar­ly ke­pi­li­dir. Okuw-ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri esa­syn­da wa­tan­çy­lyk ter­bi­ýe­si­ni ber­mek ça­ga­nyň ru­hy-ah­lak taý­dan saz­la­şyk­ly ös­me­gi­ni üp­jün ed­ýän esa­sy ugur­la­ryň bi­ri­dir we jem­gy­ýe­tiň gel­je­gi üçin aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Mek­de­be çen­li ýaş­da­ky ça­ga­la­ra wa­tan­çy­lyk ter­bi­ýe­si­ni ber­me­giň yl­my-pe­da­go­gik esas­la­ry ça­ga­nyň ýaş aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na, psi­ho­lo­gik ösü­şi­ne we jem­gy­ýet­çi­lik tej­ri­be­si­niň ke­ma­la gel­me­gi­ne da­ýan­ýar. Bu ter­bi­ýe­çi­lik işi ça­ga­nyň şah­sy­ýe­ti­niň il­kin­ji bas­gan­ça­gyn­da baş­lan­ma­ly­dyr.

Mek­de­be çen­li ýaş döw­ri ça­ga­nyň duý­gy-hy­ýa­ly­nyň ös­ýän döw­rü­dir. Bu dö­wür­de ça­ga­nyň esa­sy işi oýun­dyr. Şo­nuň üçin wa­tan­çy­lyk dü­şün­je­le­ri kör­pe­le­re öw­re­di­ji, ma­ny-maz­mun­ly, he­re­ket­li we ös­dü­ri­ji oýun­lar, şeý­le hem mil­li oýun­la­ry­myz ar­ka­ly be­ril­me­li­dir.

Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­k hal­ky­my­zyň mil­li buý­san­jy­ny, wa­tan­sö­ýü­ji­lik duý­gu­sy­ny we bag­ty­ýar gel­je­ge bo­lan yna­my­ny has-da pug­ta­lan­dyr­ýan mö­hüm gymmatlykdyr. Mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ryn­da Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 35 ýyl­ly­gy bi­len bag­ly ge­çi­ri­len çä­re­ler kör­pe ne­sil­le­re Wa­ta­ny söý­me­gi, onuň üs­tün­lik­le­ri­ne buý­san­ma­gy, mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­za hor­mat goý­ma­gy öw­ret­mek­de mö­hüm ter­bi­ýe­çi­lik se­riş­de­si­ boldy.

Mäh­ri ÇA­RY­ÝE­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li bi­lim ins­ti­tu­ty­nyň mek­de­be çen­li ter­bi­ýe we baş­lan­gyç bi­lim bö­lü­mi­niň uly yl­my iş­gä­ri.