Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Dil­le­ri öw­ret­me­giň usul­la­ry

Dil­le­ri öw­ret­me­giň usul­la­ry

5 Oktýabr, 2026 Makalalar
37

Umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­ler­de oka­dyl­ýan rus di­li sa­pak­la­ryn­da okuw­çy­la­ryň dün­ýä­ga­raý­şy baý­laş­dy­ryl­ýar, olar rus di­lin­de tä­ze söz­le­ri öw­ren­ýär­ler, pi­kir­le­ri­ni be­ýan ed­ýär­ler, şeý­le hem söz­lem­le­riň gur­lu­şy­ny öw­ren­ýär­ler. Bu bol­sa ola­ryň rus di­lin­de söz­leş­mek en­di­gi­ni ke­ma­la ge­tir­ýär. Sa­pak­lar­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­niň di­ňe bir söz­leş­mek däl-de, eý­sem, dost-do­gan­lyk köp­rü­si bol­ýan­dy­gy­ny hem okuw­çy­la­ra dü­şün­dir­ýä­ris.

Hä­zir­ki wagt­da okuw­çy­la­ryň söz baý­ly­gy­ny ös­dür­mek­de, ola­ryň dün­ýä dil­le­ri­ni öw­ren­mek­le­ri üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler bar. Şun­da sa­pa­gy döw­re­bap hem iş­jeň usul­da gu­ra­ma­ga uly üns ber­me­li­dir. Has ta­ky­gy, or­ta mek­dep­ler­de da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ret­mek üçin dö­re­di­len şert­ler­den peý­da­la­nyp, okuw­çy­la­ryň söz baý­ly­gy­ny art­dyr­mak mö­hüm­dir. Çün­ki ýaş­lar oka­mak we öw­ren­mek ar­ka­ly rus di­li­ni tiz öz­leş­dir­ýär­ler. Şeý­le hem sa­pak­da mul­ti­me­dia tag­ta­syn­dan peý­da­lan­mak ar­ka­ly te­ma­ny dür­li şe­kil­li gör­nüş­le­riň üs­ti bi­len hem dü­şün­dir­ýä­ris. Döw­re­bap teh­ni­ki se­riş­de­le­ri ulan­mak sa­pa­gyň has-da ne­ti­je­li bol­ma­gy­na tä­sir ed­ýär.

Or­ta mek­dep­le­riň 8-nji syn­pyn­da rus di­li der­sin­den söz dü­zü­min­dä­ki bag­la­nyş tär­le­ri, eýer­me ha­kyn­da sa­pak­lar ge­çil­ýär. Rus di­lin­de oňa «Виды связи слов в словосочетании. Управление» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Te­ma­ny dü­şün­dir­mek üçin mul­ti­me­dia tag­ta­syn­da rus di­lin­de bir­nä­çe söz dü­züm­le­ri­ni ýa­zyp gör­kez­ýä­ris:

Осенние деревья;
украшения из янтаря;
вечерняя газета.

Bu söz dü­züm­le­ri ha­kyn­da rus di­lin­de so­wal-jo­gap alyş­ýa­rys. Bu dog­ru­syn­da okuw­çy­lar pi­kir­le­ri­ni be­ýan ed­ýär­ler, ola­ryň aň­lad­ýan ma­ny­la­ry­ny dü­şün­dir­ýär­ler.

Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de dil öw­ren­me­giň kä­mil usul­la­ry ke­ma­la gel­ýär. Şun­da iň tä­ze en­jam­lar, komp­ýu­ter­ler we au­dio ses ýaz­gy­la­ry aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär. Bu döw­re­bap en­jam­la­ryň we ses ýaz­gy­la­ryň üs­ti bi­len okuw­çy­la­ra tä­ze söz­le­ri öw­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik al­ýa­rys. Rus di­lin­dä­ki söz­le­riň ýa­zuw ka­da­la­ry­ny öw­ret­mek­de okuw ki­tap­la­ry­nyň, şol san­da söz­lük­le­riň aý­ra­tyn or­ny bar. Or­ta mek­dep­ler­de rus di­li­ni öw­ren­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­me­gi ýaş­la­ryň dün­ýä­ga­raý­şy­nyň ös­me­gi­ne, bi­lim­de üs­tün­lik ga­zan­mak­la­ry­na ýar­dam ed­ýär.

Sa­pa­gyň ahy­ryn­da okuw­çy­la­ra öý işi tab­şy­ryl­ýar. Okuw­çy­lar öý­de ge­çi­len te­ma­ny gaý­ta­la­ma­ly we ber­kit­me­li, ýag­ny söz dü­züm­le­ri­ni öw­ren­me­li we ola­ryň rus di­lin­de aň­lad­ýan ma­ny­sy­ny dep­der­le­ri­ne ýa­zyp be­ýan et­me­li. Öý­de öz­baş­dak ýu­muş­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek okuw­çy­la­ryň sa­pa­gy oňat öz­leş­dir­mek­le­ri­ne ýar­dam eder.

Gül­nar BAL­TA­ÝE­WA,
Ga­raş­syz­lyk et­ra­byn­da­ky 54-nji or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my.