Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Bi­lim oja­gy­ — gel­je­giň bin­ýa­dy

Bi­lim oja­gy­ — gel­je­giň bin­ýa­dy

30 Sentýabr, 2026 Makalalar
45

Gün­do­ga­ryň ga­dy­my me­de­ni­ýet­le­ri­niň sal­lan­ça­gy bo­lan mäh­ri­ban Wa­ta­ny­myz­da güý­züň il­kin­ji gü­ni — 1-nji sent­ýabr di­ňe bir tä­ze okuw ýy­ly­nyň baş­lan­ýan se­ne­si bol­man, eý­sem, tä­ze mak­sat­la­ryň, tä­ze ar­zuw­la­ryň, tä­ze baş­lan­gyç­la­ryň hem baş­lan­gy­jy­dyr. Şol gün bi­lim oja­gy­nyň ga­py­syn­dan il­kin­ji ge­zek ät­le­ýän ýaş ta­lyp­lar üçin tä­ze dur­mu­şyň baş­lan­gy­jy bol­sa, köp ýyl­lap bi­lim ber­ýän mu­gal­lym­lar üçin hem tä­ze nes­liň öňün­de du­ran uly jo­gap­kär­çi­li­gi ýe­ne bir ge­zek ýat­lad­ýan aý­ra­tyn gün­dür.

Şu ýyl Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­lym­la­ry we ta­lyp­la­ry üçin ýat­dan çyk­ma­jak wa­ka­la­ra bes­len­di. Tä­ze okuw ýy­ly­nyň baş­lan­ma­gy bi­len bir ha­tar­da, ins­ti­tu­ty­my­zyň döw­re­bap bi­na­sy­nyň açy­lyp ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi bi­lim oja­gy­my­zyň ta­ry­hyn­da tä­ze sa­hy­pa­ny aç­dy.

Bi­na­gär­lik ka­fed­ra­sy­nyň mu­gal­ly­my hök­mün­de bu wa­ka­nyň äh­mi­ýe­ti­ne hü­nä­ri­miň aý­ra­tyn­ly­gyn­dan ugur alyp se­red­ýä­rin. Se­bä­bi biz ta­lyp­la­ra di­ňe bi­na gur­ma­gy öw­ret­me­ýä­ris. Biz ola­ra gi­ňiş­li­gi duý­ma­gy, gö­zel­li­gi gör­me­gi, ada­myň ýa­şa­ýyş şert­le­ri­ni na­za­ra al­ma­gy, berk­li­gi, amat­ly­ly­gy we es­te­ti­ka­ny bir bi­te­wi çöz­güt­de jem­le­me­gi öw­red­ýä­ris. Şo­nuň üçin tä­ze okuw bi­na­sy­nyň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi bi­ziň üçin di­ňe tä­ze iş otag­la­ry­nyň peý­da bol­ma­gy däl, eý­sem, bi­lim ber­mek we hü­när­men taý­ýar­la­mak müm­kin­çi­lik­le­ri­niň tä­ze de­re­jä çy­ka­ryl­ma­gy­dyr.

Ins­ti­tu­ty­my­zyň tä­ze bi­na­sy ba­ra­da aý­da­nyň­da, il­ki bi­len, onuň daş­ky gö­zel­li­gi bilen bir hatarda, için­de dö­re­di­len müm­kin­çi­lik­ler ha­kyn­da pi­kir ed­ýär­siň. Giň we ýag­ty okuw otag­la­ry, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len üp­jün edi­len mul­ti­me­dia se­riş­de­le­ri, tas­la­ma iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin ni­ýet­le­nen ýö­ri­te otag­lar, yl­my-bar­lag iş­le­ri­ne müm­kin­çi­lik ber­ýän en­jam­laş­dy­ry­lan tejribehanalar — bu­la­ryň äh­li­si hä­zir­ki za­man hü­när­me­ni­ni taý­ýar­la­mak üçin ze­rur şert­le­riň ut­gaş­ma­sy­dyr.

Bi­na­gär­lik hü­nä­ri­niň öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­ly­gy bar. Bu hü­när­de di­ňe ki­tap­dan oka­mak ýe­ter­lik däl. Bi­na­gär gör­me­li, öl­çe­me­li, çyz­ma­ly, de­ňeş­dir­me­li, tä­ze­den iş­le­me­li we ahy­ryn­da öz pi­ki­ri­ni ha­ky­ky gi­ňiş­lik­de jan­lan­dyr­ma­gy ba­şar­ma­ly. Çyz­gy ka­gy­zyn­da­ky il­kin­ji çy­zyk gel­jek­de uly bi­na­nyň keş­bi­ne öw­rü­lip bi­ler. Ta­ly­byň şu gün­ki ki­çi­jik tas­la­ma­sy er­tir şä­he­riň keş­bi­ni üýt­ge­dip bil­jek çöz­gü­diň baş­lan­gy­jy bo­lup bi­ler. Şo­nuň üçin hä­zir­ki za­man okuw bi­na­sy pi­kir­le­riň sy­nag­dan ge­çi­ril­ýän, dö­re­di­ji­lik­li çöz­güt­le­riň dö­re­ýän, ýaş hü­när­me­niň öz uky­by­ny aç­ýan dö­re­di­ji­lik gi­ňiş­li­gi­dir.

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar ta­lyp­la­ry ki­tap­dan ýa-da mu­gal­ly­myň dü­şün­di­ri­şin­den öw­re­nen mag­lu­mat­la­ry­ny in­di dür­li teh­ni­ki se­riş­de­le­riň, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň we döw­re­bap okuw en­jam­la­ry­nyň kö­me­gi bi­len ama­ly taý­dan sy­nap bil­ýär­ler. Bu bol­sa na­za­ry bi­lim bi­len ama­ly ba­şar­ny­gyň ara­syn­da­ky ara­ly­gy gys­gald­ýar. Ne­ti­je­de, ta­lyp di­ňe bil­ýän hü­när­men däl, eý­sem, ba­şar­ýan hü­när­men bo­lup ýe­tiş­ýär.

Hä­zir­ki dö­wür­de şä­her­le­riň we oba­la­ryň keş­bi çalt öz­ger­ýär. Tä­ze ýa­şa­ýyş jaý­la­ry, jem­gy­ýet­çi­lik bi­na­la­ry, önüm­çi­lik des­ga­la­ry, me­de­ni we dur­muş mak­sat­ly bi­na­lar gu­rul­ýar. Şeý­le şert­ler­de döw­re­bap pi­kir­len­ýän, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan baş çy­kar­ýan, mil­li bi­na­gär­lik däp­le­ri­ne sar­pa goý­ýan we dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­si­ni öw­ren­ýän hü­när­men­le­re ze­rur­lyk has-da art­ýar.

Türk­men bi­na­gär­le­ri üçin bu me­se­le aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir. Ga­dy­my türk­men şä­her­le­ri­niň, ga­la­la­ry­nyň, köşk­le­ri­niň, ker­wen­sa­raý­la­ry­nyň we beý­le­ki ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri­niň bi­na­gär­lik çöz­güt­le­rin­den ugur alyp, hä­zir­ki döw­rüň ýa­şa­ýyş şert­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän tä­ze pi­kir­le­ri dö­ret­mek ýaş hü­när­men­le­riň öňün­de du­ran gy­zyk­ly we jo­gap­kär­li we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir. Şu nuk­daý­na­zar­dan se­re­de­niň­de, tä­ze okuw bi­na­sy­nyň her bir ota­gy, her bir okuw se­riş­de­si we her bir dö­re­di­len şert di­ňe hä­zir­ki gün üçin däl, eý­sem, gel­jek üçin goý­lan ma­ýa go­ýum­dyr.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň dö­re­dip ber­ýän müm­kin­çi­lik­le­ri esa­syn­da bu ýer­de tä­ze pi­kir­ler dö­rär, yl­my göz­leg­ler al­nyp bar­lar, tas­la­ma­lar taý­ýar­la­nar, ýaş­la­ryň ar­zuw­la­ry hü­när mak­sat­la­ry­na öw­rü­ler. Döw­re­bap okuw bi­na­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy, bi­lim eda­ra­la­ry­nyň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len üp­jün edil­me­gi, ýaş­la­ryň döw­re­bap hü­när­le­ri öw­ren­me­gi üçin şert­le­riň dö­re­dil­me­gi bu ugur­da­ky giň ge­rim­li iş­le­riň mö­hüm bö­le­gi­dir.

Goý, tä­ze bi­na­nyň her bir ota­gyn­dan bi­lim, dö­re­di­ji­lik we yl­ham ýaň­lan­syn! Şol ýaň bol­sa Wa­ta­ny­my­zyň bag­ty­ýar gel­je­gi­niň bi­na­gär­lik saz­la­şy­gy­na öw­rül­sin!

Äşe GU­BA­ÝE­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň bi­na­gär­lik ka­fed­ra­sy­nyň mü­di­ri, uly mu­gal­ly­my.