Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Ta­ry­hy wa­ka­la­ryň be­ýa­ny

Ta­ry­hy wa­ka­la­ryň be­ýa­ny

30 Sentýabr, 2026 Makalalar
55

Mälim bolşy ýaly, 23-nji sent­ýabr­da paý­tag­ty­myz­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ril­di. Ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­lyk baý­ramynyň öňüsyrasynda ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de döw­le­ti­mi­ziň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň ne­ti­je­le­ri jem­le­nil­di hem-de tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de öňü­miz­de du­ran der­wa­ýys me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Mu­nuň özi äh­li il­deş­le­ri­mi­zi buý­san­dyr­dy.

Hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni, je­bis­li­gi­ni has-da pug­ta­lan­dyr­mak­da we ösüş­le­ri ro­waç­lan­dyr­mak­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň aý­ra­tyn or­ny bar­dyr. Bu mil­li de­mok­ra­ti­ýa­my­zyň, asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­mi­ziň ro­waç­ly­gy­dyr. Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň ösü­şi­niň has-da ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gyn­da halk bäh­bit­li iş­le­re uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de ösü­şiň berk bin­ýa­dy ha­kyn­da gi­ňiş­le­ýin bel­le­nil­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de mö­hüm ugur­la­ra se­re­di­len­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Şeý­le ta­ry­hy mej­lis­de ýaş­lar ha­kyn­da hem mö­hüm çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi buý­san­dy­ry­jy­dyr. Has ta­ky­gy, «Türk­me­nis­tan­da ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň 2031-nji ýy­la çen­li Döw­let mak­sat­na­ma­sy» hem-de şu mak­sat­na­ma­ny ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­tir­me­li çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy tas­syk­la­nyl­dy. Bu gün­ki gün­de ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de ýaş­lar mil­li ruh­da ter­bi­ýe­len­ýär, ola­ryň sag­dyn ös­me­gi, bi­lim öw­ren­me­gi üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de hor­mat­lyPre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­do­wyň ta­ry­hy çy­ky­şy­ny aý­ra­tyn bel­le­mek ge­rek. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­ry­hy çy­ky­şy Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň be­ýik ösüş­le­ri­ni aý­dyň be­ýan ed­ýär, halk bäh­bit­li iş­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­me­giň aý­dyň ýo­ly kes­git­len­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan dün­ýä­de çalt dep­gin­ler bi­len ös­ýän döw­let­le­riň ha­ta­ry­na go­şul­ýar. Eziz Di­ýa­ry­myz­da ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len dur­nuk­ly ös­ýän yk­dy­sa­dy­ýet hal­ky­my­zyň buý­san­jy­na öw­rül­ýär. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ada­lat­ly ra­ýat jem­gy­ýe­ti mil­li de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­ri­mi­ziň ro­waç­lan­ýan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar.

ýur­du­myz­da mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 35 ýyl­lyk to­ýy şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­di. Hal­ky­my­zyň toý­la­ry­nyň toý­la­ra ulaş­ýan gün­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­niň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi, ta­ry­hy wa­ka­la­ra eýe bol­ma­gy bi­ziň äh­li­miz­de buý­sanç dö­red­ýär. Bu­la­ryň äh­li­si hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni pug­ta­lan­dyr­mak­da hem, mil­li de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­ri­mi­zi my­na­syp do­wam et­dir­mek­de hem berk bin­ýat bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­sin­de ka­bul edi­len çöz­güt­ler äh­li türk­men hal­ky­ny tüýs ýü­rek­den buý­san­dyr­dy, kö­ňül­ler­de şat­lyk dö­ret­di.

Ogul­şe­ker GA­ÝY­PO­WA,
Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki 17-nji or­ta mek­de­biň mü­di­ri, Kö­pet­dag et­rap Halk Mas­la­ha­ty­nyň baş­ly­gy.