Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Baky bagtyň nusgasy

Baky bagtyň nusgasy

30 Sentýabr, 2026 Makalalar
55

Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 35 ýyl­ly­gy­ny gar­şy alan «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly­nyň her bir gü­ni toý­dur baý­ra­ma, şat­lyk-şow­hu­na, uly zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne bes­len­ýär. Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat şä­he­rin­de, ga­ly­ber­se-de, ýur­du­my­zyň dür­li kün­je­gin­de baş baý­ra­my­my­zyň şa­ny­na aý­dym-saz­ly da­ba­ra­la­ryň ge­çi­ril­me­gi hal­ky­my­zyň dö­re­di­ji­lik yl­ha­my­ny, zäh­met joş­gu­ny­ny, toý ru­hu­ny has-da be­len­de gö­ter­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­ny yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ma­ga döw­let de­re­je­sin­de aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da ylym, bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş, sport ul­gam­la­ry­ny ös­dür­mek üçin iri tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my aba­dan­çy­ly­gyň, pa­ra­hat­çy­ly­gyň, je­bis­li­giň we ag­zy­bir­li­giň baý­ra­my ha­sap­lan­ýar. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da­ky sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy ösüş­le­ri, me­de­ni we dur­muş öz­gert­me­le­ri hal­ky­my­zyň mad­dy hem-de ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­ny baý­laş­dyr­ýar. Ga­raş­syz­lyk döw­le­ti­mi­ziň mi­ze­mez­li­gi­niň, hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­niň we je­bis­li­gi­niň berk bin­ýa­dy bo­lup dur­ýar.

Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň şöh­rat­ly 35 ýy­ly­nyň için­de dost-do­gan­ly­gyň, ag­zy­bir­li­giň, yn­san­per­wer­li­giň, asu­da­ly­gyň me­ka­ny bo­lan ber­ka­rar döw­le­ti­miz­de be­dew bat­ly ösüş­ler giň ge­rim­de ýaý­baň­lan­ýar. Wa­ta­ny­my­zyň äh­li ul­gam­la­ryn­da ga­za­nyl­ýan yk­dy­sa­dy ösüş­ler, dur­muş äh­mi­ýet­li des­ga­la­ryň açy­lyp, hal­kyň hyz­ma­ty­na be­ril­me­gi, kö­pu­gur­ly sag­ly­gy go­ra­ýyş mer­kez­le­ri­niň, mek­dep­le­riň, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň, sport top­lum­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy, hal­ky­my­zyň iş we ýa­şa­ýyş şert­le­ri­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da her bir ýe­ti­len be­lent sep­git, zäh­met üs­tün­lik­le­ri mäh­ri­ban hal­ky­my­zy tä­ze ýe­ňiş­le­re ruh­lan­dyr­ýar. Mu­nuň özi Mil­li Li­de­ri­mi­ze hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za bo­lan buý­san­jy­my­zy has-da go­şa­lan­dyr­ýar. Bu bol­sa bi­ziň her bi­ri­mi­ziň çek­ýän asyl­ly zäh­me­ti­mi­ziň äh­mi­ýe­ti­ne berk dü­şü­nip, äh­li gu­jur-gaý­ra­ty­my­zy, ukyp-ba­şar­ny­gy­my­zy siň­di­rip, ýur­du­my­zyň pa­jar­lap ösü­şi­ne my­na­syp go­şant goş­ma­gy­my­za eg­sil­mez güýç-kuw­wat ber­ýär.

Mer­jen BEK­NA­ZA­RO­WA,
Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ne ýö­ri­te­leş­di­ri­len 132-nji or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my.