Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Türkmeniň uçar ganaty

Türkmeniň uçar ganaty

30 Sentýabr, 2026 Makalalar
67

Be­dew ha­kyn­da be­ýan et­mek, söz­le­mek aý­ra­tyn tä­sir­li­dir. Be­dew ha­kyn­da söz söz­le­sek, il­kin­ji no­bat­da, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň aja­ýyp ki­tap­la­ry, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň «Türk­me­niň buý­san­jy» at­ly goş­gu­sy kal­by­my­za dol­ýar. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz türk­men hal­ky­nyň buý­san­jy bo­lan ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň was­py­ny aja­ýyp goş­gy se­tir­le­rin­de wasp ed­ýär. Mu­nuň özi äh­li il­deş­le­ri­mi­zi buý­san­dyr­dy.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň baş sa­ny­ny art­dyr­mak üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Hut şo­nuň ne­ti­je­sin­de hem be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ziň ýur­du­myz­da­ky we hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki ab­ra­ýy gün-gün­den ýo­kar­lan­ýar. «Türk­me­niň buý­san­jy» at­ly aja­ýyp goş­gu­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hal­ky­my­zyň mil­li gu­wan­jy bo­lan be­dew­le­riň was­py­ny be­lent­den be­ýan ed­ýär. Hal­ky­myz be­dew­ler ha­kyn­da­ky pa­ra­sat­ly söz­le­re uly hor­mat bi­len ga­ra­ýar. Be­dew­ler hal­ky­my­zyň uçar ga­na­ty­dyr, kö­ňül buý­san­jy­dyr.

Hal­kyň dur­mu­şyn­da çuň­ňur orun alan ahal­te­ke at­la­ryn­da oňat hä­si­ýet­ler, gaý­ta­lan­ma­jak gö­zel­lik jem­le­nen­dir. Şo­nuň üçin hem hal­ky­my­zyň di­lin­de be­dew­le­re de­giş­li paý­has­ly söz­ler bar­dyr. Türk­men hal­ky be­dew aty ýe­tiş­dir­mek­de, ola­ry se­ýis­le­mek­de örän us­sat bo­lup­dyr. Olar at­la­ry se­ýis­le­me­gi sun­gat de­re­je­si­ne ýe­ti­rip­dir­ler. Go­ja ta­ry­hyň sa­hy­pa­la­ry­na ser sal­sak, türk­men be­dew­le­ri dog­ru­syn­da ju­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar be­ril­ýär. Türk­men hal­ky uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da özü­niň ýol­da­şy ha­sap­la­ýan be­dew at­la­ry­na ba­gyş­lap ro­wa­ýat­la­ry, na­kyl­la­ry, ma­tal­la­ry, aý­dym­la­ry dö­re­dip ge­lip­dir.

Türk­men hal­ky be­dew aty­ny öz­bo­luş­ly söý­gi bi­len eziz­le­ýär. Hal­ky­myz bu söý­gi­ni öz per­zent­le­ri­ne sal­lan­çak­da wag­ty hüw­dü­ler ar­ka­ly siň­di­rip­dir. Öz og­lu­nyň ba­tyr, eder­men, mert, hal­ky­na we­pa­ly ýi­git bo­lup ýe­tiş­me­gi­ni ar­zuw ed­ýän ene­ler öz­le­ri­niň umyt-ar­zuw­la­ry­ny hüw­di se­tir­le­ri­ne siň­di­rip­dir­ler. Ýag­şy umyt-ar­zuw­ly ene hüw­dü­sin­den gu­la­gy ga­nan ça­ga­lar dur­muş­da be­dew atyň äh­mi­ýe­ti­niň ulu­dy­gy­na göz ýe­ti­rip­dir­ler. Gör­şü­miz ýa­ly, be­dew­ler bi­len bag­la­ny­şyk­ly be­lent was­pa, paý­has­ly söz­le­re türk­men hal­ky örän uly üns be­rip­dir. Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de şeý­le asyl­ly ýö­rel­ge­ler my­na­syp do­wam ed­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de be­dew­le­ri­mi­ziň şan-şöh­ra­ty dün­ýä­de has-da be­lent de­re­je­le­re eýe bol­ýar.

«Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da türk­men be­de­wi­niň yk­ba­ly has-da ro­waç­lan­ýar. Ýyn­dam­lyk­da, owa­dan­lyk­da, duý­gur­lyk­da de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň şöh­ra­ty has-da dün­ýä ýa­ýyl­ýar. Be­dew at­lar türk­men dur­mu­şy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi bol­mak bi­len, halk ara­syn­da ola­ryň we­pa­ly­ly­gy, ada­ma mah­sus hä­si­ýet­le­ri, gö­zel­li­gi ba­ra­da ro­wa­ýat­lar dö­re­di­lip­dir, aý­dym­lar dü­zü­lip­dir. Türk­men at­çy­lyk sun­ga­ty­ny has-da ös­dür­mä­ge, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň gym­mat­ly mi­ra­sy­ny di­kelt­mä­ge, ony go­rap sak­la­ma­ga, gel­jek ne­sil­le­re ýe­tir­mä­ge gö­nük­di­ri­len iş­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ede­bi­ýat­da we sun­gat­da türk­men hal­ky­nyň buý­san­jy­na öw­rü­len be­dew aty wasp et­me­giň iň go­wy däp­le­ri ös­dü­ril­ýär. Ahal­te­ke be­de­wi özü­niň owa­dan­ly­gy, ýyn­dam­ly­gy, çy­dam­ly­ly­gy, duý­gur­ly­gy bi­len asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den aşyp, dün­ýä­de uly şöh­ra­ta eýe bol­ma­gy ba­şar­dy, onuň meş­hur­ly­gy gün-gün­den art­ýar.

Ogul­gö­zel MÄM­MET­DUR­DY­ÝE­WA,
Ma­ry şä­he­rin­dä­ki 14-nji or­ta mek­de­biň mü­di­ri.