Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Ga­raş­syz­lyk — özyg­ty­ýar­ly­ly­gyň we ber­ka­rar­ly­gyň ny­şa­ny

Ga­raş­syz­lyk — özyg­ty­ýar­ly­ly­gyň we ber­ka­rar­ly­gyň ny­şa­ny

30 Sentýabr, 2026 Makalalar
62

Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da ar­zuw­lap ge­len Ga­raş­syz­ly­gy türk­men hal­ky­na mi­ýes­ser et­di. 35 ýyl mun­dan ozal Ga­raş­syz döw­let hök­mün­de dün­ýä­niň sy­ýa­sy kar­ta­syn­da orun alan Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň öň­den­gö­rü­ji­lik­li baş­tu­tan­ly­gyn­da dün­ýä döw­let­le­ri bi­len pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li, hoş­ni­ýet­li, dost-do­gan­lyk, bi­rek-bi­re­ge yna­nyş­mak sy­ýa­sa­ty­ny alyp bar­ýar.

Mälim bolşy ýaly, ber­ka­rar Wa­ta­ny­myz baş baý­ra­my­ny ulu­dan toý­lady. Bu to­ýuň tu­tu­my, şat­lyk-şow­hu­ny ulus-ili­mi­ziň baý­ram­çy­lyk ru­hu­na ruh go­şup, gö­wün­le­ri­ne ga­nat bek­le­ýär. Ösüş­le­riň aý­dyň ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýan eziz Di­ýa­ry­myz­da her bir toý-baý­ram, şan­ly se­ne­ler uly da­ba­ra, joş­gun bi­len gar­şy­la­nyl­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de ýur­du­my­zyň ösüş­le­ri aý­dyň be­ýan edil­di.

Döw­let Ga­raş­syz­ly­gy­myz hal­ky­my­zyň öz göz­ba­şy­ny müň­ýyl­lyk­lar­dan alyp gaýd­ýan mad­dy we ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­ny, ne­sil­den-nes­le ge­çip gel­ýän be­ýik yn­san­per­wer­lik däp­le­ri­ni gaý­ta­ryp ber­di. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýur­du­myz­da äh­li ugur­lar bo­ýun­ça uly üs­tün­lik­ler ga­za­ny­lyp, be­lent sep­git­le­re ýe­til­di. Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan dün­ýä­de çalt dep­gin­ler bi­len ös­ýän döw­let­le­riň ha­ta­ry­na go­şul­dy. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry­ny my­na­syp do­wam ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len ýur­du­my­zy ösen döw­let­le­riň ha­ta­ry­na goş­ma­ga, mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zy ber­kit­mä­ge, Di­ýa­ry­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň dep­gi­ni­ni çalt­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­myz ne­ti­je­sin­de be­lent sep­git­le­re ýe­til­ýär, ýo­ka­ry ne­ti­je­ler ga­za­nyl­ýar. Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň we mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­niň her bi­ri bi­zi buý­san­dyr­ýar, gö­wün gu­şu­my­zy ga­nat­lan­dyr­ýar. Mu­nuň özi hal­ky­my­zyň eş­ret­li, bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ug­run­da anyk, ne­ti­je­li we be­ýik iş­le­riň ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­nyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­ny aja­ýyp zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne bes­le­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy türk­men hal­ky­nyň ab­raý-mer­te­be­si­niň gö­te­ril­me­gi­dir. Ga­raş­syz­lyk eziz Wa­ta­ny­my­zyň özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­ny we ber­ka­rar­ly­gy­ny şöh­rat­lan­dyr­ýan mu­kad­des­lik­dir. Ga­raş­syz­lyk bi­ze mil­li baý­ram­la­ry­my­zy, pe­der­le­ri­miz­den gel­ýän däp-des­sur­la­ry­my­zy gaý­dyp ber­di. Ýur­du­myz gys­ga döw­rüň için­de asyr­la­ra ba­ra­bar ta­ry­hy ýo­ly geç­di. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da be­dew ba­dy bi­len öňe bar­ýan Ga­raş­syz döw­le­ti­miz dost-do­gan­ly­gyň, ag­zy­bir­li­giň we je­bis­li­giň da­ba­ra­lan­ýan me­ka­ny­na öw­rül­di.

«Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­niň baş mak­sa­dy we esa­sy we­zi­pe­si döw­let äh­mi­ýet­li me­se­le­le­ri çöz­mä­ge, ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­riň we dur­muş-yk­dy­sa­dy mak­sat­na­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne halk köp­çü­li­gi­ni giň­den çek­mek, tek­lip­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak, hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni, bi­te­wü­li­gi­ni, je­bis­li­gi­ni, asu­da­ly­gy­ny, aba­dan­çy­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge hem-de Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň tä­ze dö­wür­de be­ýik öz­ge­riş­ler ýo­ly bi­len dep­gin­li ös­me­gi­ne, has-da kuw­wat­lan­ma­gy­na ýar­dam ber­mek bo­lup dur­ýar.

Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­niň ata-ba­ba­la­ry­my­zyň eýe­rip ge­len we asyr­la­ryň sy­na­gyn­dan ge­çen de­mok­ra­tik ýol-ýö­rel­ge­le­ri­niň my­na­syp do­wa­my­ny eme­le ge­tir­ýän­di­gi­ni bel­le­mek gu­wan­dy­ry­jy­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­le­ti­mi­ziň sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­ny baý­laş­dyr­mak­da aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir. Çün­ki bu döw­let­li mas­la­hat­da ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk-de ösü­şi­niň da­ba­ra­lan­ma­gy üçin ka­bul edi­len mö­hüm ka­rar­lar­dyr çöz­güt­ler mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­nyň has-da ber­ke­me­gi­ne iter­gi be­rer.

Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi, hal­ky­my­zyň bo­le­lin dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ug­run­da be­ýik iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li, döw­let äh­mi­ýet­li be­ýik iş­le­ri ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Gül­ja­han GUR­BA­NO­WA,
Aman Ke­ki­low adyn­da­ky Mu­gal­lym­çy­lyk mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.