Nurgözel MUHAMMEDOWA,
Garagum etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, «Zenan kalby» ordeniniň eýesi:
— Paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmak bagty maňa-da miýesser etdi. Il bähbitli asylly işlere dahyllylyk ömre many berýär. Bu döwletli geňeşde garaşsyz ösüş ýyllarynda gazanylan üstünlikler jikme-jik seljerildi, bedew batly ösüşlerimizi dowam etdirmekde öňde durýan wezipeler kesgitlenildi, beýan edilen başlangyçdyr teklipler oňlanyldy. Umumymilli forumda döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy hem ata Watanymyza, Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize, zähmetkeş halkymyza buýsanjymyzy has-da artdyrdy.
Halk Maslahatynyň mejlisi nesilleri baglanyşdyrýan özboluşly köprüdir. Ýaşuly nesliň durmuş tejribesine goýulýan belent sarpany hem onuň mysalynda aýdyň gördük. Ençeme ýyl halka, Watana hyzmat edip, il içinde abraý gazanan ildeşlerimiziň asylly zähmetine berilýän ýokary bahanyň şaýady bolduk. Şeýle bagta şärikdigim baýramçylyk şatlygymy artdyrdy. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanmagymy ýarym asyra golaý wagt bäri ýaş nesle bilim bermekde toplan tejribäme, çeken zähmetime goýlan belent sarpanyň nyşany saýýaryn. Muňa mynasyp bolup ýaşamak galan ömrümde baş borjum, möhüm maksadym bolar. Ýaşlaryň arasynda milli ýörelgelerimizi, türkmençilik däp-dessurlarymyzy, alym Arkadagymyzyň atalyk nesihatlaryny, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyrykdyr sargytlaryny, ösüşli Diýarymyzda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň ähmiýetini yzygiderli wagyz ederis.
Şeýle sylag-serpaýlar bilen ömrümize özboluşly many gatýan hormatly Prezidentimize, her bir asylly işde görelde bolýan Gahryman Arkadagymyza müň keren alkyş aýdýarys.