Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Watana, halka hyzmat — ömre many

Watana, halka hyzmat — ömre many

25 Sentýabr, 2026 Makalalar
46

Paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi watandaşlarymyz üçin ähmiýetli bolan möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak bilen birlikde, ýurdumyzda ula hormat, jebislik, zähmeti sarpalamak ýaly gadymyýetden miras galan asylly ýörelgeleriň hem mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Belent ada, döwlet sylagyna mynasyp görlüp, forumyň barşynda hormatly Prezidentimiziň hut özi tarapyndan sylaglanmak bagty miýesser eden bagtyýar ildeşlerimiziň käbirleriniň buýsançly ýürek sözlerini okyjylara ýetirýäris.

Amantäç BAGYÝEWA,
Balkanabat şäherindäki çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň çeper bezegçisi, «Zenan kalby» ordeniniň eýesi:

— Halk Maslahatynyň şu gezekki taryhy mejlisi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at myradyň mekany» ýylyny aýratyn many-mazmun bilen baýlaşdyrdy. Ählihalk geňeşi guramaçylykly we agzybirlikde geçdi. Halka daýanylyp, halkyň hatyrasyna amala aşyrylýan şeýle özgertmeleriň röwşen geljegiň berk binýadyna öwrüljekdigine ynanýarys.

Umumymilli forumyň barşynda maňa-da, hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, «Zenan kalby» ordeniniň gowşurylmagy durmuşymda ýatdan çykmajak waka boldy. Zenan dünýäsine goýulýan şeýle belent sarpa, olaryň jemgyýetdäki işjeňligine bildirilýän uly ynam ene ýüregimi has-da joşdurdy.

Çärýek asyr wagt bäri Balkanabat şäherindäki çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň çeper bezegçisi bolup işläp gelýärin. Döredijilik öýünde ençeme ýaş nesliň sungatyň dürli ugurlaryndan ukyp-başarnygynyň açylmagyna ýardamçy bolandygyma begenýärin. Olara bezeg işini millilik bilen sazlaşykly ýerine ýetirmegi ündärdim. Bu ýerde halk döredijiliginiň, el işleriniň dürli ugurlary boýunça hem çagalara hünär öwredilýär.

Şa serpaýy halal zähmete hormat bilen birlikde, uly jogapkärçiligi hem egnimize ýükleýär. Mundan beýläk-de ýaş nesle görelde bolup, olaryň milli mirasymyza hormat goýmak ruhunda terbiýelenmegine öz mynasyp goşandymyzy goşarys. Gahryman Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdarly täze taryhy döwürde Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda türkmen halkynyň bagtyýar günleri dowamat-dowam bolsun!