Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Türkmen-koreý hyzmatdaşlygynda

Türkmen-koreý hyzmatdaşlygynda

22 Sentýabr, 2026 Makalalar
63

► Iki döwletiň arasynda 1992-nji ýylyň fewralynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklar 2008-nji ýylda döredilen Söwda-ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň alyp barýan işleri bilen has-da pugtalandyryldy.

► Häzirki wagtda ýurdumyzda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 12 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan maýa goýum taslamalarynyň 17-si hasaba alyndy.

► 2023-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iki ýurduň arasynda parlament hyzmatdaşlygynyň täze usulyny döretmek baradaky başlangyjy öňe sürdi.

► 2019-njy ýylda Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde «Koreýa — Türkmenistan» işewürlik geňeşini döretdi.

► 2007-nji ýyldan bäri hereket edýän «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» formatyndaky maslahat 2026-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda döwlet Baştutanlary derejesinde ilkinji gezek geçirildi. Şol taryhy günde Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň nobatdaky Medeniýet günleriniň açylyşy boldy.

► «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» formatyndaky işewürler sammitiniň dowamynda mowzuklaýyn mejlisler hem geçirildi. «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň çäklerinde degişli formatyň senagat ministrleriniň konsultatiw guralynyň ilkinji duşuşygynyň Bilelikdäki Beýannamasy, Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy: geljegiň emeli aňy, ylym we tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk boýunça başlangyjy, Merkezi Aziýanyň döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň howanyň üýtgemegi, energiýa geçirijiligi we howanyň hili babatda başlangyjy kabul edildi hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň arasynda senagat we üpjünçilik zynjyry babatda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji işewürlik sammitiniň Bilelikdäki Beýannamasyna gol çekildi.