18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Arkadagly Gahryman Serdarymyza Koreýa Respublikasynyň Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary, şeýle hem, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýleki myhmanlar gatnaşdy. Dabaraly maslahatyň çäklerinde guralan sergi bolsa çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna eden döwlet saparynyň çäklerinde «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşandygy, Merkezi Aziýa sebitiniň dünýäniň geosyýasy we geoykdysady ulgamynda barha artýan orny, häzirki wagtda dünýä ýurtlary bilen ylym-bilim, senagat, oba hojalygy, ekologiýa, suw meselesi, saglygy goraýyş, hyzmatlar ulgamy, syýahatçylyk ýaly ugurlarda işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy barada giňişleýin gürrüň edildi. Şonuň ýaly-da, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň barha ilerledilýändigi, bu ugurda täze gazanylan ylalaşyklar, iki ýurduň talyplarynyň, alymlarynyň we ýaşlarynyň özara tejribe alyşmaklary, bilelikdäki ylmy-barlaglary geçirmekleri üçin döredilýän mümkinçilikler barada hem aýratyn nygtaldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ýaşlarynyň medeniýetara alyşmalarynyň «Ýol kartasy», «Ýaş zehinler» maksatnamasy teklip edildi. Hormatly Prezidentimiziň sammite gatnaşan döwletleriň ýaşlaryny birleşdirýän festiwallary, konsertleri, döredijilik bäsleşiklerini we beýleki çäreleri geçirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny bellemek bilen, sport hyzmatdaşlygyny, şol sanda hünärmenler alyşmalaryny ösdürmegi, sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmegi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Halkara ýaşlar sport oýunlaryny guramak barada teklip edendigi aýdylyp geçildi.
Hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde 600 ýyldan gowrak taryhy bolan meşhur Songýungwan uniwersitetiniň prezidenti tarapyndan hormatly Prezidentimize baý syýasy tejribesini, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly durnukly döwlet ösüşini ýola goýandygyny hem-de Merkezi Aziýada durnuklylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan goşantlaryny göz öňünde tutup, Aspirantura komitetiniň karary bilen syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berlendigi barada dabaraly maslahata gatnaşanlar buýsanç bilen bellediler. Ýeri gelende bellesek, 1957-nji ýyldan bäri bu ýokary dereje bary-ýogy 101 adama, şol sanda 2015-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem berlipdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Koreýa Respublikasynyň Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory diýen belent derejä mynasyp bolmagy tutuş türkmen halkyny, şol sanda, biz — türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde zähmet çekýän mugallymlary hem juda buýsandyrdy. Hormatly Prezidentimize bu ýokary alymlyk derejesiniň berilmegi bütin dünýäde ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleriniň ykrar edilýändiginiň hem-de türkmen-koreý dostlukly gatnaşyklarynyň barha ösdürilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi.