Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Milli demokratiýanyň belent nusgasy

Milli demokratiýanyň belent nusgasy

22 Sentýabr, 2026 Makalalar
76

Halkyň erkanalygy, jemgyýetiň agzybirligi, jebisligi islendik ýurduň gülläp ösmeginiň baş şertidir. Şonuň üçin Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde demokratik ýörelgeler, pederlerimiziň il bilen geňeşmek ýaly asylly däpleri döwrebap derejede mynasyp dowam etdirilýär. Beýik taryhy we syýasy ähmiýete eýe bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty munuň esasy subutnamasydyr. Ertir bolsa bize şol subutnamanyň janly şaýady bolmak bagty — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi garaşýar.

Halkymyz «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Çyn dost geňeşde belli», «Arkalaşan dag aşar» ýaly pähimleri döredip, ähli babatda nesillere nusgalyk görelde görkezipdir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi täze eýýamymyzda milli döwletlilik ýörelgelerimizi dabaralandyrýar.

Yzygiderli geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleri ýurdumyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşynda täze sepgitleri kesgitleýär. Onda döwletimiziň geljegine dahylly, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça möhüm maksatnamalar kabul edilýär. Şol sebäpli hem halkyň saýlan wekilleriniň, ýaşulularyň, eneleriň we dürli pudaklarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilýän bu taryhy maslahat uly ähmiýete eýedir.

Halk Maslahatynda kabul edilýän döwletli Kararlar ýurdumyzy ählitaraplaýyn ösdürmegiň deslapky badalgasydyr. Çünki täze senagat kärhanalarynyň, şäherleriň, ýaşaýyş toplumlarynyň gurulmagy, oba hojalygynyň döwrebaplaşdyrylmagy, ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, ýaş nesillere berilýän uly goldawlaryň ählisi hem Halk Maslahatynyň mejlisinde garalýan ugurlara esaslanýar. Bu bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen Döwletdir!» diýen belent ýörelgesiniň iş ýüzünde amal bolýandygyny äşgär edýär.

Halk Maslahaty türkmen halkynyň agzybirliginiň, bitewüliginiň we mukaddes Watanymyza bolan çäksiz söýgüsiniň nyşanydyr. Halk Maslahatynyň taryhy mejlislerinde öňde goýulýan belent maksatlar beýik ykbally her bir türkmen raýatynyň göwün guşuny ganatlandyrýar, olaryň ruhy kuwwatyny artdyrýar. Ganatlanan göwünler bolsa halky bilen bir bitewi göwrä öwrülen döwlet Baştutanymyzyň her bir alyp barýan ýurt bähbitli döwletli işlerine öz mynasyp goşantlaryny goşmak üçin netijeli zähmet çekýärler.

Ynsan mertebesi ähli zatdan belent tutulýan ýurtda dünýä inmegiň, şeýle döwletli işlere dahylly bolmagyň özi hem çäksiz bagtdan nyşan. Bizi şol bagta baky ýar eden, ýurdumyzyň şanly geljegini gurýan, ösüşiň belent nusgasyny döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

Ylýas MYRADOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.