Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Dostana gatnaşyklaryň ykrary

Dostana gatnaşyklaryň ykrary

22 Sentýabr, 2026 Makalalar
54

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda gazanylan ýokary derejeli ylym-bilim ugurly ylalaşyklar hem-de döwlet Baştutanymyza Koreýa Respublikasynyň abraýly Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler bu taryhy wakanyň ýurdumyzyň ylym-bilim jemgyýetçiligi üçin uly buýsançdygyny biragyzdan nygtadylar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyna, ýeten belent sepgitlerine, gazanýan üstünliklerine dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly baha berilýär. Munuň özi dünýä ýüzünde Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýynyň has-da belende galýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň daşary syýasy ugry täze belentliklere göterilip, dünýä döwletleri, aýratyn-da, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň öňdebaryjy ýurtlary bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklar okgunly ösdürilýär.

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli we köpugurly hyzmatdaşlyk taryhy taýdan synagdan geçen, ynanyşmaga hem-de dostluga esaslanýan strategik häsiýete eýedir. Dünýäniň ösen ykdysady we tehnologik kuwwatyna eýe bolan Koreýa Respublikasy Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir. Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklar diňe bir senagat, energetika, ulag-logistika ugurlarynda däl, eýsem, ylym-bilim, medeniýet, sanly tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamynda hem täze ösüş basgançaklaryna çykdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary hem-de saparyň çäklerinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşmagy türkmen-koreý dostlukly gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka öwrülip, hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny başlady.

Gözbaşyny beýik ýörelgelerden we özara hormat goýmakdan alýan bu hyzmatdaşlygyň aýdyň subutnamasy hökmünde taryhy saparyň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk barada birnäçe resminamalara gol çekildi. Dünýä belli bilim ojaklary bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklar akademiki alyş-çalşy ösdürmäge, bilelikdäki ylmy-barlag gözleglerini geçirmäge, sanly bilimi we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly itergi berer.

Häzirki zaman dünýä syýasatynyň we ykdysadyýetiniň talaplaryna gabat gelýän bu ylalaşyklar türkmen-koreý medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň çäklerini giňeltmek bilen bir hatarda, kämil we döwrebap nesilleri ýetişdirmekde, ýaşlaryň sanly bilimlerini we ylmy mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakda möhüm binýat bolup hyzmat eder.

Mähriban GANDYMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.