2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler zalynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasy tarapyndan «Ene tebigat» atly halkara sergisiniň dabaraly açylyşy boldy. Bu sergi adamzadyň hem-de janly tebigatyň özara aýrylmaz arabaglanyşygyny emele getirmek bilen, ýaşaýan ajaýyp dünýämizi gorap saklamakdaky jogapkärçiligimizi häzirki zaman sungatynyň çeper dili arkaly açyp görkezýän halkara taslamasy bolup durýar. Ynsan ýaşaýşynyň esasy çeşmesi bolup çykyş edýän tebigat durmuş hakykatynyň gatnaşygyny açyp görkezýär. Tebigat diňe bir janly ekoulgam bolmak bilen çäklenmän, eýsem ýatlamalaryň, medeniýetiň, özboluşlylygyň we ynsan tejribesiniň hazynasy hökmünde hem açylyp görkezilýär. «Ene tebigat» atly halkara sergisi mundan öň dünýäniň birnäçe döwletlerinde Azerbaýjanda, Bahreýnde, Italiýada, Beýik Britaniýada, Gruziýada, Germaniýada, Albaniýada, Şweýsariýada, Latwiýada we Ispaniýada görkezildi. Bu halkara taslama Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde üstünlikli dowam edýär. 2026-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Heýkeltaraşlyk» kafedrasynyň uly mugallymy Saragt Babaýewiň öz şägirtleri bilen «Ene tebigat» atly halkara sergisine gezelenç syýahaty gurnaldy. Bu sergide şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ugurlarynda ýerine ýetirlen eserleriň ählisi barada ussat halypa heýkeltaraş mugallym Saragt Babaýew öz şägirtlerine giňişleýin maglumat berdi. Sungat eserleriniň ýerine ýetiriliş stilleri dogrusynda, suratkeşleriň döredijilik pikirleriniň nyşanalyk äheňleri esasynda çözülen her bir taslamanyň aýratynlygy barada gyzykly gürrüňlerini ýaşlara ýetirdi. Dünýä sungatynyň taryhy barada umumy düşünje berdi. Şekillendiriş sungatynyň heýkeltaraşlyk ugrunda ýerine ýetirilen taslama eserleriniň çeperçilik çözgüdi barada beren gürrüňleri talyp ýaşlarda has-da täsir galdyrdy. Bu döredilen eserleri synlamak bilen talyp ýaşlaryň, öz hünärleri boýunça enä hem-de tebigata bagyşlap täze döretjek eserlerine ylhamy artdy. Ussat halypamyzyň şägirtleri bilen amala aşyran syýahatynda, mukaddes Watan, ene toprak barada beýan eden gürrüňleri talyp ýaşlarymyzda gözel tebigatymyza, daşky gurşawa sarpa goýmagyň belent nusgasyny görkezdi. Bilbil ÇARYÝEWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Ylym bölüminiň başlygy
2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 29-yna Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mejlisler zalynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň belent paýhasly ýol-ýörelgelerine eýerip, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň degişli Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyndan» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we onuň çuň many-mazmunyny ýaşlara düşündirmek, olarda watansöjüjilik, ruhy-ahlak we milli gymmatlyklarymyza belent hormat goýmak duýgularyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň tassyklan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda geçiriljek wagyz-nesihat çäreleriniň meýilnamasyndan ugur alyp, emeli aňyň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, internetiň we emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň medeniýetini ösdürmek maksady bilen talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda “Bilim ulgamynda emeli aňyň mümkinçilikleri” ady bilen okuw maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda emeli aňyň filosofiýasy, taryhy, maglumat howpsuzlygy, etiki ýörelgeler we jogapkärçilik, ýurdumyzda ýaşlar barada edilýän bimöçber aladalar we döredilýän mümkinçilikler dogrusynda birnäçe çykyşlar diňlenildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine sary alyp barmak, ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlary kemala getirmek ugrunda tutumly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
2024-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň we Hytaýyň bilim ulgamynda halkara alyş-çalyş assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. 2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň çäginde ýerleşýän Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasy dabaraly ýagdaýda açyldy. Ähtnamanyň çäklerinde mugallymlaryň hünär ussatlygyny we pedagogik başarnyklaryny ýokarlandyrmak, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň çäginde ýerleşýän Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň durnukly ösüşini gazanmak, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň tejribesini öwrenmek, şeýle hem bilim ulgamynda hünärmenleriň arasynda amaly hyzmatdaşlygy ösdürmek we çuňlaşdyrmak, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 24-31 aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian nebit uniwersitetiniň we Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň professor-mugallymlary Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň çäginde ýerleşýän Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynda uniwersitetiň professor-mugallymlaryna hem-de talyp-ýaşlaryna okuw sapaklaryny geçýärler. Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmeginiarzuw edýäris. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
2026-njy “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ýurt bähbitli, halk ähmiýetli içeri we daşary syýasatyny eziz Diýarymyzyň ýeten belent sepgitlerini, halkara abraýyny, bedew batly ösüşini hem-de pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligini, döwlet durmuşymyzy Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyp gyzlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen “Ornuňyz tördedir sarpaňyz belent, ýaşaýyşa ýarandyr mährem zenanlar” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
Ähli bilim edaralaryny we sanly hyzmatlary birleşdirýän ýeke-täk ekoulgam.
Portala giriň
Çagalar — biziň geljegimiz. Kitap bolsa çagalaryň aňyna akyl-paýhas siňdiriji, dünýägaraýşyny giňeldiji gymmatlyk. Ol — her bir terbiýe berijiniň esasy kömekçisi. Şunuň bilen baglylykda, kitap okamagy özüne hemra edinen çagany terbiýeleýän ata-ene öz ýagty geljeginiň binýadyny şu günden berkarar edendir. Il arasyndaky pähimli aýtgylaryň birinde «Akylyň bolmasa, nakyla uý» diýip ündelýär. «Ata-babalarymyzyň aýtmadyk, diýmedik zady ýok», «Könekiler şeý diýipdir» ýaly sözler, salgylanmalar gürrüňçilikde häli-şindi gaýtalanyp dur. Şunda kitaplar könekileriň akyl we zehin kuwwatyny artdyran ýakyn dosty hem-de gymmatly ruhy serişdesi bolup hyzmat edipdir. Bu ruhy baýlygyň gymmatyna düşünen türkmen gojasy onuň bahasyna öz guba düýesini rowa görüpdir. Türkmenleriň ylym adamsyna uly sylag bilen garamagy ata-babalarymyzdan galan ýörelgeleriň dowamydyr. Halk pähiminde «Köp ýaşan köp bilmez, köp okan köp biler» diýip aýdylýar. Şeýle parasatly pähimden ugur alyp, her bir ata-ene çagada heniz ýaşlykdan kitap okamak endiklerini kemala getirmäge çalyşmalydyr. Psihologlaryň aýdyşy ýaly, çaga maşgalada ulularyň hereketini gaýtalaýar. Şonuň üçin-de tejribeli pedagoglar çagany terbiýelemek işini özüňden başlamalydygyny ündeýärler. Bu kitap okamak endigini kemala getirmekde hem şeýledir. Çaga bilen bilelikde okamak, gyzykly hekaýatlarydyr ertekileri gürrüň bermek, muzeýlere we kitaphanalara äkitmek olaryň bilesigelijiligini artdyrmaga, täze zatlary öwrenmäge bolan islegini kanagatlandyrmaga ýardam edýär. Şeýle hem ata-enäniň gijelerine çaga uka gitmezden ozal ertekileri, başdangeçirmeleri aýdyp bermegi maşgalada asylly ýörelgä öwürmäge çalyşmaly. Hünärmenleriň bellemegine görä, soňy oňyn çözgüt bilen gutarýan şeýle gürrüňler çagada rahatlyk duýgusyny oýarýar we ata-ene bilen baglanyşygy berkidýär. Onuň her gün täze hekaýanyň ýa-da ertekiniň gürrüň berilmegine garaşmagy bilesigelijiligini artdyrýar. Kiçi ýaşly çagalar bilen owadan we uly suratlar ýerleşdirilen, mazmuny gyzykly, dili ýeňil bolan kitaplary okamakdan başlamak has ýerliklidir. Bu olaryň kitapda gürrüň edilýän wakalary, maglumatlary çalt özleşdirmegine kömek edýär. Häzirki zaman çagalaryň tehnikanyň we tehnologiýanyň ösen döwründe ýaşaýandygyny nazara alyp, olary elektron kitaphanalaryň mümkinçilikleri, muzeýlere guralýan wirtual gezelençler bilen tanyşdyrmak has-da ähmiýetlidir. Sanly ulgamyň mümkinçilikleri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyza giňden ornaşdyrylýar. Munuň özi her bir ata-enäniň çagada kitap okamak bilen bagly endikleri kemala getirmeginde döwrebap ýardamçy bolup hyzmat edýär. Elektron kitaphanalaryň üsti bilen çagalary dünýäniň iň seýrek nusgaly neşirleri bilen hem tanyşdyryp bolýar. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tabşyryklary esasynda gözel Diýarymyzyň dürli künjünde kitap dükanlary, giň gerimli kitaphanalar gurlup, olar ilata ýokary derejeli hyzmaty ýerine ýetirýärler. Zamanabap ösüşleriň mekany — Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda her bir çaganyň asuda durmuşda ýaşamagy, döwrebap şertlerde bilim-terbiýe almagy ugrunda ählitaraplaýyn alada edilýär. Döwlet tarapyndan edilýän şol aladalaryň we tagallalaryň ýerine düşüp, kitaby söýýän, okamaga, öwrenmäge höwes bildirýän çagalaryň terbiýelenip ýetişdirilmegi bolsa biziň Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň girewine öwrülýär. Goý, çagalygyň iň arzyly arzuwlarynyň hasyl bolýan ülkesinde elmydama şadyýan gülki sesleri ýaňlanyp dursun! Selbi HALMYRADOWA, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti 2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Hasyl toýy mynasybetli sanly ulgam arkaly geçiriljek “Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrýar. Ylmy-amaly maslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus. Ylmy-amaly maslahatyň tematik ugurlary: 1. Agronomçylyk, bagbançylyk we ekologiýa; 2. Oba hojalyk önümlerini öndürmek we gaýtadan işlemek tehnologiýasy; 3. Zootehniýa we weterinar lukmançylygy; 4. Agrosenagat toplumynda ykdysadyýet we dolandyryş; 5. Agroinženerçilik; 6. Oba hojalyk uniwersitetinde ynsanperwer we matematika ylymlary; 7. Ýeňil we dokma senagaty; 8. Suw gorlaryny dolandyrmakda we ulanmakda innowasion tehnologiýalar. Maslahata gatnaşmagyň görnüşleri: çykyş bilen uzak aralykdan (distansion) gatnaşmak ýa-da gaýybana gatnaşmak. Ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler zerur maglumatlary tabşyrmak üçin degişli şertleri we talaplary berjaý etmelidirler. Ylmy-amaly maslahata gatnaşmagyň şertleri: 1. Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänleriň her biri diňe bir nutuk hödürläp biler we awtorlar ikiden köp bolmaly däldir. Işiň mazmuny özbaşdak ylmy-barlag häsiýetli we ady bilen kybapdaş bolmaly. 2. Maslahata gatnaşmak üçin nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalary taýýarlanylmaly. Nutugyň gysgaça beýany ylmy-amaly maslahatyň iş dilleriniň birinde, annotasiýalar bolsa beýleki iki dilde bolmaly. 3. Maslahata daşary ýurtly gatnaşyjylaryň nutuklarynyň annotasiýalarynyň terjimeleri Guramaçylyk topary tarapyndan ýerine ýetiriler. 3.1 Maslahata ýerli gatnaşyjylar annotasiýanyň iňlis we rus dillerine terjimelerini ýokary okuw mekdepleriniň degişli kafedralarynda ýa-da terjime edaralarynda tassyklatmaly. 4. Daşary ýurtly gatnaşyjylar maslahatda etjek çykyşlarynyň tekstini taýýarlamaly we Guramaçylyk toparyna ibermeli (5-10 minutlyk çykyş, 5-6 sah.). 5. Maslahata ýerli gatnaşyjylaryň ylmy işiniň gysgaça beýany we annotasiýalar awtoryň işleýän edarasynda seredilmeli we Guramaçylyk toparyna iberilmeli. Hata nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalaryň elektron görnüşleri goşulmaly. 6. Iberilen resminamalaryň mazmunyna awtorlar şahsy jogapkärçilik çekýärler. 7. Maslahata gatnaşmak üçin hasaba alnyş görnüşi doldurylmaly (adaty şrift, Times New Roman, 12 pt): 1 Familiýasy 2 Ady 3 Atasynyň ady 4 Wezipesi 5 Alymlyk derejesi, ady 6 Işleýän ýeriniň doly ady 7 Işleýän ýeriniň salgysy (poçta indeksini hem görkezmeli) 8 Iş telefony, elektron salgysy 9 Nutugyň ady 10 Nutugyň tematiki ugry 11 Nutuk haýsy dilde taýýarlandy 12 Maslahata gatnaşmagyň görnüşi 8. Daşary ýurtly gatnaşyjylar hasaba alnyş görnüşini, degişli resminamalary, ylmy işiň gysgaça beýanyny, annotasiýasyny we dokladyny elektron görnüşde aşakdaky elektron salga ýollamaly: science.tm2024@gmail.com Nutuklaryň gysgaça beýanlaryna we annotasiýalaryna bildirilýän talaplar: 1. Nutugyň gysgaça beýanynyň möçberi A4 (210×297 mm) formatda 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň her biriniň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly. 2. Sahypa ölçegleri: ýokary we aşak taraplarda – 2,0 sm, çep tarapda – 2,5 sm, sag tarapda – 1,5 sm. Oriýentasiýasy – “kitap” görnüşli, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1. 3. Ylmy işiň aýratynlyklaryna baglylykda nutugy şekiller, formulalar we tablisalar görnüşinde beýan etmäge ýol berilýär. Bu ýagdaýda her bir şekil sahypanyň görkezilen ölçeglerinden çykmaly däl, şrifti bolsa 14-den kiçi bolmaly däl. Nutugyň gysgaça beýanynyň umumy göwrümi şekiller, formulalar we tablisalar bilen bilelikde A4 formatdaky 1,5 sahypadan geçmeli däl. 4. Maslahata elektron görnüşde tabşyrylýan ähli materiallar diňe Word for Windows formatynda kabul edilýär (doc we docx giňeltmesi bilen). 5. Nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlda saklanylmaly hem-de aşakdaky görnüşde bolmaly: - awtoryň ady, familiýasy sahypanyň sag gyrasy boýunça deňlemek bilen 14-lik şriftde setir harplar bilen goýy gara ýazylmaly, döwletiň ady ýaýyň içinde görkezilmeli; - eger nutugyň iki awtory bar bolsa, ilki çykyş edýäniň ady, familiýasy görkezilmeli; - nutugyň, gysgaça beýanyň we annotasiýalaryň atlary baş harplar bilen 16-lyk şriftde goýy gara görnüşde ýazylmaly we setiriň merkezi boýunça deňlenilmeli; - nutugyň gysgaça beýanynyň tekstini ýazmazdan öň 1 setir goýbermeli. 6. Nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalaryň tekstleri setiriň ini boýunça deňlenilmeli. Matematiki deňlemeler degişli formula redaktorlarynyň kömegi bilen ýazylmaly. 7. Nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalarynyň sahypalary belgilenilmeýär. 8. Iş tabşyrylandan soňra hödürlenilen düzedişler we goşundylar kabul edilmeýär. 9. Guramaçylyk toparynyň karary boýunça iş ylmy-amaly maslahata goýberilmän bilner. 10. Tabşyrylan resminamalar yzyna gaýtarylmaýar. 11. Ylmy-amaly maslahata gatnaşmak üçin degişli resminamalar, nutuklaryň gyçgaça beýanlary we annotasiýalary 2026-njy ýylyň 30-njy oktýabryna çenli kabul edilýär. 12. Bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän we bellenilen möhletden soň tabşyrylan işlere seredilmeýär. 13. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý. 14. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99365647291; +99362360336; +993 12 34-26-80. Üns beriň! - Nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlyň içinde ýerleşdirilmeli. Faýlyň ady çykyş edýäniň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «tez» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, çykyş edýän – Ataýew Nurmyrat, faýlyň ady – «Ataýew N. tez». Nutuk aýratyn faýlda iberilmeli. - Hasaba alnyş görnüşleri nutugyň ähli awtorlary tarapyndan doldurylýar we bir faýlda ýerleşdirilýär. Ilki bilen, ylmy-amaly maslahatda çykyş edýäniň, soňra awtordaşyň hasaba alnyş görnüşleri ýerleşdirilýär. Hasaba alnyş maglumaty üçin faýlyň ady awtoryň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «reg» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, «Ataýew N. reg». - Faýllary arhiwlemeli däl! Halkara ylmy-amaly maslahatyň Guramaçylyk topary Nutugyň gysgaça beýanynyň nusgasy. Ata Ataýew, Berdi Berdiýew (Türkmenistan) TÜRKMENISTANYŇ PAGTAÇYLYK PUDAGYNDA AGROTEHNOLOGIÝALARYŇ ULANYLYŞY Gysgaça beýany. Makalanyň mazmuny oba hojalygynda alnyp barylýan çärelere, ösümlikleriň galyndylaryndan ekin meýdanlaryny arassalamak ulgamyny kämilleşdirmäge, sürüm gatlagynyň we pagtanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýän täze amatly tehnologiýalary we serişdeleri ornaşdyrmaga, az harajat bilen pagtaçylygy mehanizmleşdirmäge, ylaýta-da, onuň wajyp böleginiň biri bolan gowaça çöplerini ýygnamagy mehanizmleşdirmäge bolan talaplara gönükdirilen. Topragyň organiki düzümini ýokarlandyrmaga ýardam edýän ykdysady we energiýa tygşytlaýjy usullary kesgitlemek.
Çagalar baglary
Orta mekdepler
Başlangyç hünär mekdepleri
Orta hünär mekdepleri
Ýokary okuw mekdepleri