Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Täzelikler bölüminden yza gaýtmak
Türkmenistan durmuş işi boýunça bakalawr maksatnamasyny kämilleşdirýär

Türkmenistan durmuş işi boýunça bakalawr maksatnamasyny kämilleşdirýär

22 Oktýabr, 2026
76

Türkmenistanda durmuş işi boýunça bakalawr maksatnamasynyň okuw meýilnamasyna gaýtadan seredilýär. Bu durmuş işi boýunça bilimiň milli hünärmenlere bolan zerurlyklara, halkara ülňülerine we ýurtda durmuş hyzmatlary ulgamynda dowam etdirilýän özgertmelere laýyk gelmegini üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu ugurdaky işler ÝUNISEF-iň tehniki goldaw bermegi bilen amala aşyrylýar.

Durmuş işi boýunça bakalawr maksatnamasy 2023-nji ýylda Aşgabat şäherindäki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde we Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda işe girizildi. Şondan bäri bu maksatnama boýunça 125 talyp kabul edildi. Ilkinji 35 talyp 2026–2027-nji okuw ýylynda okuwy tamamlar.

Türkmenistan durmuş işi boýunça bakalawr maksatnamasyny kämilleşdirýär

29-njy sentýabrdan 10-njy oktýabra çenli durmuş işi boýunça okuw maksatnamalaryny işläp düzmek babatda ÝUNISEF-iň halkara bilermeni doktor Salome Namitçeişwili Türkmenabatda we Aşgabatda milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde işledi. Saparyň çäklerinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda okuw meýilnamasyna gaýtadan seretmek boýunça bu institutyň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň bilelikdäki maslahatlaşmasy geçirildi. Şeýle hem iki ýokary okuw mekdebiniň talyplary we mugallymlary üçin leksiýalar guraldy.

Türkmenistan durmuş işi boýunça bakalawr maksatnamasyny kämilleşdirýär

Okuw maksatnamasynda amaly taýýarlyk ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Iki ýokary okuw mekdebi hem talyplaryň amaly taýýarlygyny pugtalandyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdy. Hususan-da, durmuş hyzmatlaryny hödürleýän guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, hünärmenleriň ýolbaşçylygynda yzygiderli we meýilnamalaýyn tejribe geçmek, şeýle hem amaly okuwlar boýunça yzygiderli seminarlary guramak meselelerine aýratyn üns berildi. ÝUNISEF-iň bilermeni talyplaryň kemala gelýän hünär başarnyklaryny resmileşdirmegiň we baha bermegiň täze usulyny — talybyň amaly taýýarlyk portfoliýasy bilen hem tanyşdyrdy. Türkmenabat şäherindäki durmuş hyzmatlaryny hödürleýän edaralaryň birine edilen sapar bu teklipleri hünär tejribesiniň hakyky şertleri bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berdi.

Türkmenistan durmuş işi boýunça bakalawr maksatnamasyny kämilleşdirýär

Türkmen mugallymlary bilen bilelikde okatmagyň ýola goýlan tejribesine daýanmak bilen, saparyň çäklerinde geljekki iki semestriň dowamynda dördünji ýyl talyplaryna ilkinji gezek okadyljak okuw derslerini taýýarlamaga hem ýardam berildi. Bu dersler çagalar, ýaşlar we maşgalalar bilen durmuş işini alyp barmak; çagalary goramak; şeýle hem toparlar, jemgyýetçilik toparlary we guramalar bilen işlemek ýaly temalary öz içine aldy. Okuwy tamamlaýan talyplara diplom işlerini taýýarlamak, önümçilik tejribesini geçmek we jemleýji synaglara taýýarlanmak boýunça maslahatlar berildi. Birinji ýyl talyplary bolsa durmuş işiniň esasy ýörelgeleri bilen tanyşdyryldy.

ÝUNISEF durmuş işi boýunça bilimi kämilleşdirmekde we Türkmenistanyň ähli künjeklerinde çagalara hem-de maşgalalara ýokary hilli hyzmatlary hödürlemäge ukyply, hünär taýdan taýýarlykly işgärleri ýetişdirmekde milli hyzmatdaşlara goldaw bermegini dowam etdirer.