Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Täzelikler bölüminden yza gaýtmak
Dabaraly maslahat geçirildi

Dabaraly maslahat geçirildi

12 Oktýabr, 2026
42

2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 8-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mejlisler zalynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň belent paýhasly ýol-
ýörelgelerine eýerip, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň degişli Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar barada
döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyndan» hem-de
ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan
gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we onuň çuň many-
mazmunyny ýaşlara düşündirmek, olarda watansöjüjilik, ruhy-ahlak we milli
gymmatlyklarymyza belent hormat goýmak duygularyny kämilleşdirmek
maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň tassyklan ýurdumyzyň
ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda geçiriljek wagyz-
nesihat çäreleriniň meýilnamasyndan ugur alyp, dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahatyň dowamynda ýurdumyzda ýaşlar barada edilýän bimöçber aladalar
we döredilýän mümkinçilikler dogrusynda birnäçe çykyşlar diňlenildi.
Dabaranyň dowamynda institutyň «Kuwwat» aýdym-saz toparynyň çeper
höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Hormatly
Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, türkmen halkynyň Milli
Lideri Gahryman Arkadagymyzy, türkmen bedewlerini wasp edýän birnäçe
aýdymdyr tanslara tomaşa edildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösüşiň
täze belentliklerine sary alyp barmak, ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlary kemala
getirmek ugrunda tutumly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli
Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş
hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.