Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Täzelikler bölüminden yza gaýtmak
Türkmenistan – Koreýa: bilim hyzmatdaşlygynyň hukuk binýady berkidilýär

Türkmenistan – Koreýa: bilim hyzmatdaşlygynyň hukuk binýady berkidilýär

15 Sentýabr, 2026
9

2026-njy ýylyň 14–16-njy sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde, 15-nji sentýabrda iki ýurduň arasynda bilim, ylym we ýaşlar syýasaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekildi. Bu resminamalar türkmen-koreý gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny has-da berkitmäge, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de bilim ulgamynda halkara gatnaşyklary täze derejä çykarmaga hyzmat eder.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda:

«Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Gender deňligi we maşgala ministrliginiň arasynda ýaşlar babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama»;

«Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty (Türkmenistan) bilen Sungkýunkwan uniwersitetiniň (Koreýa Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama»;

«Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty (Türkmenistan) bilen Koreýa tehnologiýa we bilim uniwersitetiniň (KOREATECH) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama»;

«Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Koreýa tehnologiýa we bilim uniwersitetiniň (KOREATECH) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama»;

«Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Inçhon milli uniwersitetiniň (Koreýa Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama»;

«Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Kýung Hi uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama»;

«Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi bilen Seul milli uniwersitetiniň Aziýa merkeziniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk»;

«Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Kangwon milli uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk».

Bu gol çekilen resminamalar Türkmenistanyň halkara bilim giňişligindäki ornuny pugtalandyrmaga, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak işini kämilleşdirmäge, talyplaryň, mugallymlaryň we alymlaryň arasynda akademiki alyş-çalyşlary ösdürmäge, şeýle hem innowasion tehnologiýalary bilim ulgamyna giňden ornaşdyrmaga täze mümkinçilikleri açýar.

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmegi iki dostlukly ýurduň arasyndaky strategik gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşmagyna ýardam berýär.