Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Täzelikler bölüminden yza gaýtmak
Türkmenistanyň bilim ministri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilim ministrleriniň maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň bilim ministri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilim ministrleriniň maslahatyna gatnaşdy

31 Oktýabr, 2026
4

28-nji oktýabrda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew «Merkezi Aziýa — bilim, ylym we innowasiýalaryň täze giňişligi» atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilim ministrleriniň «tegelek stoluň» başynda guralan maslahata gatnaşdy.

Çykyşynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýolbaşçysy bu dialogy gurandygy üçin özbek tarapyna hoşallygyny bildirdi hem-de sebit ýurtlarynyň arasyndaky köp asyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň we strategik hyzmatdaşlygyň mizemez gymmatyny nygtady.

Häzirki innowasiýalar we tehnologiýalar eýýamynda durnukly ykdysady ösüşiň esasy hereketlendiriji güýji hökmünde adam maýasyny netijeli ösdürmegiň möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.

«Tegelek stoluň» başynda guralan maslahata gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň strategik başlangyçlaryna esaslanýan bilim we ylym babatdaky döwlet syýasatynyň esasy gazananlary barada maglumat berildi.

Hyzmatdaş ýurtlaryň wekillerinde Türkmenistanyň sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlary aýratyn gyzyklanma döretdi.

Akademiki hereketlilik we integrasiýa: iki diplom maksatnamalaryny, bilelikdäki magistratura maksatnamalaryny, mugallymlaryň, alymlaryň we talyplaryň tejribe alyşmak boýunça maksatnamalaryny ösdürmek;

Özara ynam we hünär derejeleriniň ykrar edilmegi: Türkmenistanyň 2022-nji ýylda goşulan Lissabon konwensiýasynyň ýörelgelerine laýyklykda milli düzgünleri utgaşdyrmak;

Bilelikdäki ylmy-barlag gün tertibi: emeli aň, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, ýaşyl energetika we ekologiýa ugurlarynda umumy taslamalary durmuşa geçirmek, şeýle hem ýaşlaryň startap hereketini goldamak;

Yzygiderli dialog: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň degişli edaralarynyň we öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda yzygiderli geňeşmeleriň geçirilmegini ýola goýmak.

Sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp, tutuş sebitiň ýaş nesli üçin giň mümkinçilikleri açýan umumy bilim giňişligini döretmäge netijeli goşant goşmaga taýýardygy nygtaldy.