Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Täzelikler bölüminden yza gaýtmak
Türkmenistan Pekin Hytaý lukmançylyk uniwersitetiniň döredilmeginiň 70 ýyllygyna bagyşlanan forumlara gatnaşdy

Türkmenistan Pekin Hytaý lukmançylyk uniwersitetiniň döredilmeginiň 70 ýyllygyna bagyşlanan forumlara gatnaşdy

31 Oktýabr, 2026
6

17 — 26-njy oktýabr aralygynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde geçirilen 2026-njy ýylyň Bütindünýä adaty lukmançylyk kongresine we Adaty lukmançylyk boýunça bilim forumyna gatnaşdy. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Çäreleriň dowamynda gatnaşyjylar degişli ugurlar boýunça çykyşlar etdiler hem-de adaty we häzirki zaman lukmançylygynyň integrasiýasy, şeýle hem emeli aňyň sanly tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meselelerini giňden ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen wekilleri Türkmenistanyň we Pekin uniwersitetleriniň arasynda on ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli dowam edip gelýän hyzmatdaşlygyň gazanan netijeleri barada giňişleýin maglumat berdiler. Çykyşda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde hytaý lukmançylygyny öwretmek üçin ýöriteleşdirilen okuw otagynyň alyp barýan işi barada hem durlup geçildi.

Pekin Hytaý lukmançylyk uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanan kongresiň we bilim forumynyň işine dünýäniň dürli ýurtlarynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Pekin Hytaý lukmançylyk uniwersitetiniň 70 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy we ýokary okuw mekdebiniň rektory hem-de halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň hünärmenleri bilen resmi duşuşyklary geçirdi.

Duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hünärmenleri we talyplary taýýarlamak, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek hem-de bilelikdäki ylmy-barlag işlerini geçirmek boýunça ylalaşyklar gazanyldy.