Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň düzüminde okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi hereket edýär. Bu bölüm tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim edaralaryny döwrebap okuw kitaplary hem-de okuw gollanmalary bilen üpjün etmek, okuw maksatnamalaryny, okuw kitaplaryny we okuw gollanmalaryny many-mazmun taýdan ösen halkara tejribesine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirip durmak boýunça tabşyryklaryny, şeýle-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlislerinde bular babatda öňde goýulýan wezipeleri ýerine ýetirmek işlerini alyp barýar. Okuw kitaplaryny we okuw-usuly gollanmalary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, “Bilim hakynda”, “Neşir işi hakynda” Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda taýýarlanylmagy, neşir edilmegi bilen baglanyşykly işleri guraýar we olar bilen bilim edaralarynyň üpjün edilmegini ýola goýýar.
Bölümiň esasy maksatlary:
- Türkmenistanda bilimiň ähli derejeleri üçin okuw kitaplaryny we okuw gollanmalaryny taýýarlamagy Döwlet bilim standartlarynyň talaplaryna laýyklykda alyp barmagy üpjün emek;
- Ministrligiň degişli bölümleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuş-ykdysady özgertmelerine laýyklykda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ýörelgelerini işläp taýýarlamaga gatnaşmak;
- Umumy orta we orta hünär hem-de ýokary okuw mekdepleri, mekdebe çenli bilim edaralary üçin okuw kitaplaryny, okuw-usuly gollanmalary, görkezme esbaplary, sözlükleri, mekdep kitaphanalary üçin kitaplary (mundan beýläk okuw kitaplaryny) taýýarlamakdan, degişli geňeşlerden geçirmekden, neşir etdirmekden hem-de bilim edaralaryny olar hem-de olaryň elektron göterijidäki nusgalary bilen üpjün etmek işlerini alyp barmak.
Bölümiň esasy wezipeleri:
- Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça bilim edaralarynyň işlerini utgaşdyrmaga ýardam bermek;
- Ministrligiň Okuw-usuly geňeşiniň (OUG) Düzgünnamasyny işläp düzmek we onuň işini kadalaşdyrmak;
- OUG bilen mekdebe çenli bilim edaralarynyň, orta, hünär-tehniki we orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň, Aşgabat şäher we welaýatlaryň Baş bilim, Arkadag şäheriniň bilim müdirlikleriniň usuly birleşmeleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak;
- OUG-niň işine gözegçilik etmek we zerur bolan halatynda onuň düzümine üýtgetmeler girizmek barada Ministrligiň ýolbaşçylaryna teklipleri bermek;
- okuw kitaplaryny neşir etmek, kämilleşdirmek we bilim-terbiýeçilik edaralaryny olar bilen üpjün etmek boýunça gelýän hatlara, tekliplere, arzalara seretmek;
- okuw kitaplaryny taýýarlamak üçin bäsleşikleri yglan etmek ýa-da awtorlara sargyt etmek boýunça işleri alyp barmak;
- Ministrlige hödürlenilen okuw kitaplarynyň golýazmalaryna seretmek, talabalaýyk bolan ýagdaýynda olary OUG-e ibermek we olaryň OUG-de talabalaýyk ara alnyp maslahatlaşylmagyny guramak;
- OUG tarapyndan makullanylan golýazmalary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyna ibermek;
- Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan makullanylan okuw kitaplaryny tassyklamagy üçin Ministriň garamagyna hödürlemek we tassyklanylan hem-de neşir edilmegi zerur hasap edilen okuw kitaplarynyň golýazmalaryny Ministrligiň neşir meýilnamasyna laýyklykda ýa-da ýörite hat bilen neşirýatlara ibermek;
- okuw kitaplaryny neşir etmek boýunça neşirýatlar bilen işleşmek;
- neşir edilýän okuw kitaplarynyň many-mazmun, bilim-terbiýe berijilik, ylmy-usulyýet taýdan talabalaýyk, hiliniň ýokary derejede bolmagyna gözegçilik etmek;
- neşir edilen okuw kitaplarynyň degişli bilim-terbiýeçilik edaralaryna paýlanylyşyna, ulanylyşyna we hasapdan aýrylyşyna gözegçilik etmek;
- mekdebe çenli bilim edaralarynyň, orta, orta hünär hem-de ýokary okuw mekdepleriniň okuw kitaplary bilen üpjünçiligini yzygiderli öwrenmek we bu ugurda degişli işleri geçirmek;
- Ministrligiň degişli bölümleri, Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim, Arkadag şäheriniň bilim müdirlikleri bilen bilelikde orta, orta hünär hem-de ýokary okuw mekdepleriniň kitaphanalarynyň işine gözegçilik etmek.