Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýaşlar barada döwlet syýasaty çygrynda Ygtyýarly edara bolup durýar. Ýaşlar syýasaty bölümi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurluş birligi bolmak bilen, ýaşlar barada ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär.
Bölüm öz işinde, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda, Bilim hakynda Türkmenistanyň Kanunlaryny, Türkmenistanyň beýleki kanunlaryny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerini, Döwlet orta hünär bilimi edaralary hakynda hem-de Döwlet ýokary hünär bilimi edaralary hakynda Düzgünnamalary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny goldaýar.
Ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlaryna, wezipelerine, ýörelgelerine, esasy ugurlaryna, şeýle hem Türkmenistanyň ýaşlarynyň döwletiň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny, ýaşlarda belent ruhy-ahlak ýörelgelerini emele getirmek, ösüp gelýän nesli watançylyk, ynsanperwerlik hem-de zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmeginde döwlet goldawynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen işleri guraýar.
Ýaşlar syýasaty bölümi Ýaşlar syýasatyny üstünliki durmuşa geçirmek babatynda, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary döwlet syýasatyna, Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna hem-de Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyna, Ýaşlar syýasaty babatyndaky Ähtnamalara laýyklykda utgaşykly işleri alyp barýar.