Logo
Yza dön
Umumy orta bilim bölümi

Umumy orta bilim bölümi

8 Iýun, 2026 Ministrligiň gurluşy
7

Türkmenistanda üznüksiz bilim bermegiň döwlet ulgamyna girýän we umumy orta bilimiň ýeke-täk milli maksatnamasyny durmuşa geçirýän hem-de bilim babatdaky döwlet syýasatynyň ýörelgelerine esaslanyp, çagalaryň bilim almaklaryny üpjün edýän döwlet umumybilim edaralarynyň (mundan beýläk – orta mekdepler) ähli görnüşleriniň guralyşynyň we olaryň işiniň tertibini düzgünleşdirýär.

Orta mekdepleriň esasy wezipeleri:

milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine bolan garaýşyna, syýasy ynam ygtykadyna, ýa-da gaýra ýagdaýlara, şeýle hem ýaşyna we saglyk ýagdaýyna garamazdan bilim almak mümkinçiligi kepillendirmek;

bilim berýän edaralarda okuw-terbiýeçilik işiniň hilini we mazmunyny ýokarlandyrmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň maksatnamalaýyn görkezmelerini iş ýüzünde durmuşa geçirmegi üpjün etmek;

okuwçylarda ýokary medeniýetliligi we ahlak sypatlaryny terbiýelemek, terbiýeçilik işlerini türkmen halkynyň milli terbiýeçilik däpleri we umumadamzat ruhy gymmatlyklary, häzirki zaman terbiýeçilik usullary we görnüşleri bilen berk utgaşyklylykda guramak;

okuwçylarda watançylyk, Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we Bitaraplygy baradaky asylly pikirleri, öz halkyna, Watana hem-de Türkmenistanyň Prezidentine wepalylyk duýgularyny kemala getirmek;

okuw işini türkmen halkynyň milli däpleriniň iň oňat nusgalaryny peýdalanmak bilen, dünýäniň häzirki zaman öňdebaryjy mugallymçylyk ylmynyň we usulyýetiniň gazananlary esasynda guramak;

okuwçylaryň pikirlerini we garaýyşlaryny erkin aýdyp bilmäge bolan hukugyny amala aşyrmagyna ýardam bermek;

okuwçylarda dünýä derejesine laýyk gelýän umumy we kesp-kär medeniýetini kemala getirmek;

okuwçylary Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň orta we ýokary hünär okuw mekdeplerinde okuwlaryny dowam etdirmäge taýýarlamak;

okuwçy ýaşlaryň arasyndan dürli bäsleşikleri, gözden geçirişleri we ýaryşlary geçirmek arkaly tebigy zehinli hem-de has ukyply okuwçylary ýüze çykarmak;

okuwçylara başlangyç zähmet endiklerini öwretmek we olary hünärlere ugrukdyrmak bolup durýar.