Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Yza dön
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi

11 Iýul, 2026 Dalaşgärlere
34

2026/2027-nji okuw ýyly üçin aşakdaky ugurlar (hünärler) boýunça talyplyga kabul edýär: I. Býujet esasynda: 1. Sahna sungaty we edebi döredijilik (hünärler: aýdym aýtmak sungaty (wokal); bagşyçylyk sungaty; horeografiýa sungaty). 2. Saz sungaty (hünärler: türkmen milli saz gurallary (görnüşleri boýunça); halk saz gurallary (görnüşleri boýunça); kirişli saz gurallary (görnüşleri boýunça); üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary (görnüşleri boýunça); fortepiano; saz mugallymçylygy). II. Tölegli esasda: 1. Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri (hünärler: nakgaşçylyk; dizaýn). Ýörite sungat mekdebine Balkan welaýatynda hemişelik ýaşaýan, umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlary Balkanabat şäherinde 2026-njy ýylyň 13 — 26-njy iýuly aralygynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: — bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); — bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy); — sazçylyk ýa-da çeperçilik bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy); — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; — soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; — 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; — okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar. Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: — pasportyny; — harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny; — 2 sany galamda, 2 sany reňkde, 2 sany eser (kompozisiýa) işlerini (nakgaşçylyk, dizaýn hünärlerine okuwa girýänler üçin). Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Balkan welaýat ýörite sungat mekdebinde (Balkanabat ş.) 2026-njy ýylyň iýul aýynyň 29-y, 31-i we awgust aýynyň 2-si günlerinde geçirilýär. Giriş synaglary hünärler boýunça aşakdaky derslerden geçirilýär: — hünärler: aýdym aýtmak sungaty (wokal); horeografiýa sungaty — hünäri boýunça iki tapgyrda, Türkmenistanyň taryhy; — hünärler: nakgaşçylyk; dizaýn — galamda surat çekmek, eser döretmek (kompozisiýa), Türkmenistanyň taryhy; — beýleki hünärler — hünäri boýunça, solfejio we sazyň nazaryýeti, Türkmenistanyň taryhy. Giriş synaglary sazçylyk, çeperçilik we sungat mekdepleriniň, Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär. Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar. Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň salgysy: Balkanabat ş., 126-njy ýaşaýyş jaý toplumy, E.Ataýewa köçesi, tel.: (800222) 6-77-25, 6-77-26