2026/2027-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär: 1. Gidromeliorasiýa. 2. Ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy (oba hojalygynda). 3. Maglumat ulgamlary we programmirlemek (oba hojalygynda). 4. Ýer gurluşygy we kadastrlar. 5. Ösümlikleri goramak. 6. Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary (oba hojalygynda). 7. Weterinar farmasewtikasy. 8. Awtomatlaşdyrylan ulgamlarynyň maglumat howpsuzlygy. 9. Kompýuter torlary. Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebine umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Okuwyň möhleti — 2 ýyl. Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. Resmi iş kagyzlary Daşoguz şäherinde 2026-njy ýylyň 13-nji iýuly — 17-nji awgusty aralygynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: — bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); — bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy); — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; — soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; — bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty; — 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; — okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar. Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: — pasportyny; — harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny. Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde (Daşoguz ş.) 2026-njy ýylyň awgust aýynyň 20-21-i, 23-i we 24-i günlerinde geçirilýär. Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär: hünärler: gidromeliorasiýa; maglumat ulgamlary we programmirlemek (oba hojalygynda); awtomatlaşdyrylan ulgamlarynyň maglumat howpsuzlygy; kompýuter torlary; ýer gurluşygy we kadastrlar — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy; hünärler: ösümlikleri goramak; weterinar farmasewtikasy — biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy; hünärler: ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary (oba hojalygynda); ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy (oba hojalygynda) — matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde dilden geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär. Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan: — soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar; — «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar. Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş., Ýolçy köçesi, 370, tel.: (800322) 6-45-53, 6-45-57, 6-45-58.