Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Yza dön
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÇEPERÇILIK AKADEMIÝASYNYŇ ÝANYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET ÝÖRITE ÇEPERÇILIK MEKDEBI

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÇEPERÇILIK AKADEMIÝASYNYŇ ÝANYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET ÝÖRITE ÇEPERÇILIK MEKDEBI

11 Iýul, 2026 Dalaşgärlere
60

2026/2027-nji okuw ýyly üçin aşakdaky ugurlar (hünärler) boýunça talyplyga kabul edýär: I. Býujet esasynda: Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri (hünärler: nakgaşçylyk; çeper keramika; heýkeltaraşlyk). II. Tölegli esasda: Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri (hünärler: dizaýn; metaly çeper bejermek). Ýörite çeperçilik mekdebine umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 13 — 26-njy iýuly aralygynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: — bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); — bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy); — çeperçilik bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy); — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; — soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; — 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; — okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri (taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça) şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar. Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: — pasportyny; — harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny; — 2 sany galamda, 2 sany reňkde, 2 sany eser (kompozisiýa) işlerini. Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde (Aşgabat ş.) 2026-njy ýylyň iýul aýynyň 29-y, 31-i we awgust aýynyň 2-si günlerinde geçirilýär. Giriş synaglary ugurlara degişli hünärler boýunça galamda surat çekmek, eser döretmek (kompozisiýa), Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär. Giriş synaglary galamda surat çekmek, eser döretmek (kompozisiýa) boýunça çeperçilik we sungat mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň, Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär. Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., 2087-nji köçe (Aga Berdiýew), 127, tel.: 75-65-70, 75-65-69.