Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Mongoliýanyň bilim ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Mongoliýanyň bilim ministrleriniň duşuşygy geçirildi

24 Oktýabr, 2026 Täzelikler
66

22-nji oktýabrda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň bilim ministrleriniň gatnaşmagynda tegelek stol duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşyk «Merkezi Aziýada we Mongoliýada köp dilli bilim arkaly sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek» mowzugyna bagyşlandy.

Çärä sebitiň ýurtlarynyň wekiliýetleri, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) wekilleri hem-de halkara bilermenler gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda köp dilli bilim ulgamynda milli tejribeler boýunça pikir alşyldy. Şeýle hem okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek, mugallymçylyk işgärlerini taýýarlamak we sebitara hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Köp dilli bilim bermekde halkara tejribesini öwrenmäge, okuw materiallaryny taýýarlamaga we bilim netijelerine baha bermäge aýratyn üns berildi. Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda mekdebe çenli we başlangyç bilim derejelerinde köp dilli bilimi ösdürmek, şeýle-de mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleri gözden geçirildi.

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministri Täjigistanyň bilim ministri we Özbegistanyň bilim ministriniň orunbasary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.