Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Milli ykdysadyýetiň döwlet kadalaşdyrylyşynda ykdysady nazaryýet ägirt uly
ähmiýete eýedir, aýratyn hem tranzitiw ykdysady şertlerde, has dogrusy, bazar
ykdysadyýetine geçilende uly ähmiýete eýedir. Dünýä tejribesi durmuş-ykdysady
ösüşde hut döwletiň artykmaç rola eýedigini görkezýär. Sebäbi döwletiň amala
aşyrýan wezipesi milli ulgamyň ýaşaýyş durmuşynyň ähli ulgamlaryny gurşap
alýar. Anyk bazar ykdysadyýeti hatda kemala gelen halatynda hem hiç haçan
döwletiň kadalaşdyryş wezipesi bolmazdan oňup bilmändi. Wagtyň geçmegi bilen
döwlet kadalaşdyrylyşynyň diňe wezipeleri, görnüşleri gurallary we onuň
möçberleri üýtgäpdi. Bu işler häzir hem hemişelik kämilleşdirmegiň tapgyrynda
durýarlar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 12-nji aprelinde çykaran
№12955 belgili Karary bilen Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw
mekdebi döredildi.
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklary üçin kämil orta hünär bilimli
hünärmenleri taýýarlamak, şahsyýetiň bilimini çuňlaşdyrmak we giňeltmäge bolan
islegini kanagatlandyrmak orta hünär okuw mekdebiniň öňünde goýlan esasy
wezipe bolup durýar.
Bu ýerde 1 sany Türkmenistanyň at gazanan ykdysatçysy, 22 sany mugallym
zähmet çekýär.
Orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary tarapyndan 7 sany okuw
gollanmasy we 1 sany sözlük neşir edildi.
2015-nji ýyldan başlap orta hünär okuw mekdebi öz uçurymlaryny işe ýollap
ugrady. 2013-2025-nji ýyllar aralygynda uçurymlaryň 1252-si orta hünär okuw
mekdebini tamamlap, şolaryň 76-sy tapawutlanan diplomlara mynasyp boldular.
Orta hünär okuw mekdebiniň uçurymlary ýurdumyzyň Ykdysady we maliýe
ulgamyna, Bank ulgamyna, Bilim ulgamyna, dürli dürli döwlet edara-kärhanalara,
hususy kärhanalara we hojalyk jemgyýetlerine işe ugradyldy.
Mary welaýat maliýe-ykdysdy orta hünär okuw mekdebinde 2025-2026-njy
okuw ýylyndan başlap orta hünär bilimi maksatnamasy esasynda taýýarlygyň
“Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit”, “Ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba
alnyşy”, “Ykdysadyýet we hojalyk hukugy”, “Sanly ykdysadyýet”, “Ykdysadyýet
we sanly maglumat tehnologiýalary”, “Maliýe we karz” we “Bank işlerini
programmirlemek” hünärleri boýunça orta hünär bilimli hünärmenler
taýýarlanylýar.
Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylyň 02-nji fewralynda “Bilim işiniň
döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnamany tassyklamak barada” gol çeken
849-njy Kararyna laýyklykda, 2026-njy ýylyň 04-nji iýunynda Mary welaýat
maliýe ykdysady orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň Bilim ministrligi
tarapyndan №00005 belgili “Döwlet akkreditasiýasy” hakynda şahadatnama
berildi.
Orta hünär mekdepleri bölümine gaýtmak
Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi
Orta hünär mekdepleri
Mary
62 görülme sany