Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Orta hünär mekdepleri bölümine gaýtmak
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi

Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi

Orta hünär mekdepleri Daşoguz 64 görülme sany

Mazmuny

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:
«Milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek, bazar özgertmelerini mundan beýläk hem ilerletmek,
ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň biri bolup durýar.»
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi Türkmenistanyň Prezidentiniň
2013-nji ýylyň 12955-nji belgili Karary we Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2013-nji ýylyň 16-njy
aprelindäki 110-ny belgili Buýrugy bilen esaslandyryldy we ol döwlet orta hünär okuw mekdebi bolup
durýar.
Mekdebimiz Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Edara görnüşindäki taraplary
we maýa goýum taslamalaryny döwlet tarapyndan hasaba almak müdirligi tarapyndan 2013-nji ýylyň
mart aýynyň 11-ne 23654390 belgi bilen hasaba alyndy.
Döredilen gününden başlap, biziň esasy wezipämiz bilim, terbiýe we ylym ulgamynda Garaşsyz,
Bitarap Türkmenistan üçin çuňňur bilimli, ýurduň bähbitlerini halkara giňişliginde mynasyp gorap
bilýän we häzirki zaman bazar ykdysadyýeti gatnaşyklary şertlerine laýyklykda işlemäge ukyply, orta
hünär bilimli işgärleri taýýarlamakdan ybaratdyr.
Mekdebimiz döwrebap zähmet bazarynyň talaplaryna we döwletimiziň ykdysady syýasatyna
laýyklykda, iň isleg bildirilýän ugurlar boýunça hünärmenleri ýetişdirýär. Häzirki wagtda okuw prosesi
aşakdaky anyk ugurlar boýunça alnyp barylýar:
 Buhgalterçilik hasaba alnyşy
 Maliýe we karz
 Ykdysadyýet we meýilleşdirme
 Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary
 Salgytlar we salgyt salmak
 Bank işlerini programmirlemek
Bilimiň önümçilik bilen utgaşmagy mekdebimiziň iň esasy ýörelgeleriniň biridir. Talyplaryň
okuwda alan bilimlerini iş ýüzünde berkitmekleri üçin mekdebimizde ykdysady we hünär tejribelikleri
ýokary derejede guralýar.
Mekdebimiz Daşoguz welaýatynyň we ýurdumyzyň iri döwlet banklary, maliýe we salgyt
edaralary, şeýle hem dürli önümçilik kärhanalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. Tejribelik
döwründe talyplar hakyky iş gurşawyna girip, resminamalar bilen işlemegi, maliýe hasabatlylygyny
düzmegi we sanly programmalar arkaly amallary ýerine ýetirmegi tejribeli hünärmenleriň
gözegçiliginde öwrenýärler. Bu bolsa uçurymlarymyzyň okuwy tamamlan pursadyndan başlap, göni
önümçilikde kämil hünärmen hökmünde zähmet çekip gitmeklerine uly ýardam edýär.
Mekdebimiziň çäginde talyplaryň diñe bir ýokary hilli bilim almagy üçin däl, eýsem olaryň
medeniýetli dynç almaklary, döredijilik we ylym bilen meşgullanmaklary üçin hem ähli döwrebap
amatlyklar döredilendir.
Mekdebimiziň iň uly baýlygy we bilim üstünliklerimiziň kepili biziň agzybir hem-de ussat
mugallymlarydyr. Häzirki wagtda mekdepde jemi 26 sany ýokary hünärli mugallym zähmet çekýär.
Olaryň hatarynda köp ýyllyk tejribesi bolan halypa mugallymlar we innowasion tehnologiýalardan oňat
başy çykýan täzeçil pikirli ýaş hünärmenler bar.
Mugallymlarymyz diñe bir sapak bermek bilen çäklenmän, eýsem ylmy-metodik işleri hem işjeň
alyp barýarlar. Mugallymlar düzümimiziň alyp baran ylmy gözlegleriniň we barlaglarynyň netijesinde,
ýöriteleşdirilen ugurlar boýunça 3 sany okuw kitaby hem-de gollanmasy ýazyldy we neşir edildi.
Gysga wagtyň içinde mekdebimiz ýokary hilli bilim bermekde uly sepgitleri açmagy başardy.
Şeýle taryhy döwriň içinde mekdebimizden jemi 1435 töweregi talyp üstünlikli uçurym bolup
welaýatymyzyň banklarynda, salgyt bölümlerinde, pensiýa gaznasynda we beýleki maliýe-ykdysady
toplumlarynda üstünlikli zähmet çekýärler.
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi bu dine bir diplom berýän edara
däl, bu yer geljekki üstünlikleriň gözbaşy, kämilligiň mekdebi we mukaddes Watanyň rowaçlygyna
barýan ýoldur.
Biz öz talyplarymyz we mugallymlarymyz bilen buýsanýarys we ýurdumyzyň beýik geljegi,
Hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ak ýürekden
zähmet çekmäge hemişe taýýardiris! Biziň gapylarymyz geljegini ykdysadyýet, maliýe we sanly
tehnologiýalar ulgamy bilen baglamalara isleýän her bir zehinli ýaş üçün hemişe giňden açykdyr!