Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Orta hünär mekdepleri bölümine gaýtmak
Balkan welaýat maliýe-ykdtsady orta hünär okuw mekdebi

Balkan welaýat maliýe-ykdtsady orta hünär okuw mekdebi

Orta hünär mekdepleri Balkan 64 görülme sany

Mazmuny

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Ýakyn geljekde türkmen diplomatiýa gullugynyň esasyny düzmek, beýleki döwletlerde we halkara
guramalarynda, daşary ykdysady gatnaşyklar ulgamynda, dünýäniň maglumatlary we hukuk giňişliginde
Türkmenistana wekilçilik etmek hut siziň wezipäňiz bolar. Özüňize ýüklenen jogapkärçilige mynasyp boluň,
öz Watanyňyzy söýüň, oňa buýsanyň, watançylar boluň, ýöne şunda beýleki ýurtlara we halklara,olaryň
taryhyna, medeniýetine, däp-dessurlaryna hormat goýuň. Halkara parahatçylygyny, dostlugy we
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň hatyrasyna öz ýurdumyza hyzmat etmek siziň borjuňyzdyr. Bu belent
ýörelgeler ýol görkeziji şamçyrag, bu gün okuwyňyzyň, ertir bolsa siziň işiňiziň esasy many-mazmuny
bolmalydyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 12-nji aprelinde çykaran 12955 belgili kararyna laýyklykda
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýat maliýe-ykdtsady orta hünär okuw mekdebi Gyzylarbat
şäherinde döredildi.
Ýurdumyzyň ykdysadyýet pudagy üçin orta hünär bilimli hünärmenleri taýýarlamak esasy wezipe bolup
durýar.
Bu ýerde 14 sany mugallym zähmet çekýär.
2015-nji ýyldan başlap, orta hünär okuw mekdebimiz öz uçurymlaryny işe ýollap ugrady. 2013-2026-njy
ýyllar aralygynda uçurymlaryň 1158-si mekdebi tamamlap, şolaryň 113-si tapawutlanan diplomlara mynasyp
boldular.
Şeýle-de 2015-nji ýylda mekdebi 80 sany talyp mekdebi tamamlap, olaryň 7-si tapawutlanan diploma;
2016-njy ýylda mekdebi 79 sany talyp mekdebi tamamlap, olaryň 14-si tapawutlanan diploma;
2017-nji ýylda mekdebi 80 sany talyp mekdebi tamamlap, olaryň 10-sy tapawutlanan diploma;
2018-nji ýylda mekdebi 79 sany talyp mekdebi tamamlap, olaryň 3-si tapawutlanan diploma;
2019-njy ýylda mekdebi 80 sany talyp mekdebi tamamlap, olaryň 6-sy tapawutlanan diploma;
2020-nji ýylda mekdebi 80 sany talyp mekdebi tamamlap, olaryň 8-si tapawutlanan diploma;
2021-nji ýylda mekdebi 100 sany talyp mekdebi tamamlap, olaryň 7-si tapawutlanan diploma;
2022-nji ýylda mekdebi 100 sany talyp mekdebi tamamlap, olaryň 5-si tapawutlanan diploma
2023-nji ýylda mekdebi 120 sany talyp mekdebi tamamlap, olaryň 8-si tapawutlanan diploma
2024-nji ýylda mekdebi 119 sany talyp mekdebi tamamlap, olaryň 5-si tapawutlanan diploma
2025-nji ýylda mekdebi 120 sany talyp mekdebi tamamlap, olaryň 7-si tapawutlanan diploma;
2026-njy ýylda mekdebi 118 sany talyp mekdebi tamamlap, olaryň 5-si tapawutlanan diploma;
2013-2025-nji ýyllar aralygynda mekdebi tamamlan uçurymlaryň 971 sanysy dürli edara-kärhanalarda işe
ýerleşdirildi.
2013-nji ýylda mekdepde üç sany hünär ýagny “Buhgalter hasaby we maliýeleşdiriş”, “Maliýe we karz”,
“Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş” boýunça okuwlar alnyp baryldy.
2016-njy ýylda “Statistika” hünäri açyldy we 2019-njy ýylda ýapyldy.
2019-njy ýylda “Buhgalterçilik hasaba alnyşy” hünäri açylyp, “Buhgalter hasaby we maliýeleşdiriş”
hünäri ýapyldy. Häzirki wagtda “Buhgalterçilik hasaba alnyşy”, “Maliýe we karz”, “Ykdysadyýet we
meýilnamalaşdyryş” hünärler hereket edýär.