Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Orta hünär mekdepleri bölümine gaýtmak
Lebap welaýat maliýe –ykdysady orta hünär okuw mekdebi

Lebap welaýat maliýe –ykdysady orta hünär okuw mekdebi

Orta hünär mekdepleri Lebap 68 görülme sany

Mazmuny

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow:
— Ýaşlarymyzy ylyma-bilime, döredijilik işlerine höweslendirmek, ýokary
watançylyk, päk ahlaklylyk we belent ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek
elmydama hem biziň baş maksadymyz bolmagynda galar.
Lebap welaýat maliýe –ykdysady orta hünär okuw mekdebi, “Ýurdumyzyň
welaýatlarynda maliýe–ykdysady orta hünär okuw mekdeplerini döretmek
hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 12-nji aprelinde çykaran
12955-nji Kararyna laýyklykda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
“Ýurdumyzyň welaýatlarynda maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdeplerini
döretmek hakynda” 2013-nji ýylyň 16-njy aprelinde çykaran 110-njy buýrugyna
laýyklykda 2013-nji ýylyň 1-nji iýulyndan işe girizildi we 2013-2014-nji okuw
ýylyndan okuw işi başlanyldy.
Ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamyna zerur bolan hünärmenleri
taýýarlamak orta hünär okuw mekdebiniň öňünde goýlan esasy wezipesi bolup
durýar.
Orta hünär okuw mekdebimizde 27 sany mugallym zähmet çekýär.
2015-nji ýyldan başlap orta hünär okuw mekdebi öz uçurymlaryny işe ýollap
ugrady. 2015-2025-nji ýyllar aralygynda uçurymlaryň 1329-sy orta hünär okuw
mekdebini tamamlap, şolaryň 92-si tapawutlanan diplomlara mynasyp boldular.
Şeýle-de, 2015-nji ýylda ilkinji gezek 80 sany ykdysatçy tamamlap, olardan
11 sanysy tapawutlanan diploma mynasyp boldular. Orta hünär okuw mekdebiniň
uçurymlary welaýatymyzyň maliýe-ykdysady ulgamlarynda, welaýatyň telekeçiler
birleşiginiň garamagyndaky kärhanalarda, we beýleki pudaklarda öz orunlaryny
tapyp zähmet çekýärler.
Orta hünär okuw mekdebi 2013-nji ýylda 3 hünär boýunça ýagny
1. Buhgalterçilik hasaba alnyşy, 2. Maliýe we karz, 3. Ykdysadyýet we
meýilnamalaşdyryş hünär ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlap başlady.
2019-njy ýylda 2 sany täze 1. Salgytlar we salgyt salmak, 2. Bank işlerini
programmirlemek hünär ugurlary goşuldy. 2021-nji ýylda ýene-de 1 täze
Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary hünäri goşuldy. Okuwyň
dowamlylygy 2 ýyl bolup häzirki wagytda jemi