Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:
- Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan
giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary
dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp
ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler.
MUGALLYMÇYLYK MEKDEBI – KÄMIL MUGALLYMLARYŇ WE
DÖWREBAP BILIMIŇ GÖZBAŞY
TARYHYMYZ
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebi – bir asyra golaý wagt
bäri ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin professional hünärmenleri taýýarlap gelýän,
baý taryhy we ajaýyp däp-dessurlary bolan görnükli bilim ojagydyr. Biz geçmişiň
baý milli tejribesini şu günüň innowasion usullary bilen utgaşdyryp, geljegiň kämil
mugallymlaryny, terbiýeçilerini ýetişdirýäris.
Merw pedagogik tehnikumy
1927 ýylyň maýy
Mekdebimiziň düýbi tutulýar we ilkinji gezek professional bilim bermäge başlaýar.
Bilim ojagynyň ilkinji direktory Mufti Zade, okuw bölüm müdiri bolsa Esen
Soltannyýazow bolupdyr.
Ilkinji uçurymlar
1931 ýyl
Pedtehnikumyň 1931-nji ýylda ilkinji goýberilişi bolup, onuň doly kursyny 23,
pedkursy 25, sowatsyzlygy ýok etmek (likbez) we ählumumy başlangyç bilimi
amala aşyrmak maksady bilen açylan üç aýlyk kursy bolsa 170 adam tamamlady.
Şeýlelikde, pedtehnikum 1931-nji ýylda respublikamyzyň mekdeplerine 241
mugallym kadrlaryny iberdi, şolaryň 6-sy tehnikumyň özünde mugallym bolup işe
galdy.
Mary pedtehnikumy boldy
1937-nji ýylda Merw pedtehnikumy Mary pedtehnikumy boldy, 1939-nji ýylda
bolsa №2 pedagogik uçilişesi diýlip atlandyryldy. Şol ýyl Mary pedtehnikumyna
Türkmenbaşy şäherinden (öňki Krasnowodsk şäheri) gazak bölümi geçirildi.
Pedagogik uçilişşe
1938 ýyl
Okuw merkeziniň derejesi giňeldilip, ol resmi taýdan Mary pedagogik uçilişşesi
diýlip atlandyrylyp başlanýar. 1940-njy ýylda uçilişede üç bölüm (türkmen, gazak
we internasional bölümler) bardy. Ol bölümlerde jemi 300-den gowrak okuwçy
okapdyr. 1941-nji ýylyň 22-nji iýunynda faşistik Germaniýanyň ähtiýalanlyk bilen
biziň ýurdumyza çözüp girmegi bilen Beýik Watançylyk urşy başlandy. Uruş
pedagogik uçilişä-de öz täsirini ýetirdi. 1941-1942-nji okuw ýylynda uçilişede
okuwyň möhleti 2,5 ýyla çenli gysgaldylýar. 1941-nji ýylyň dekabrynda uçilişäniň
okuwçylaryndan 98 sany ýaş ýigit döwlet ekzamenlerini möhletinden öň tabşyryp,
meýletinlik bilen watan goragyna gitdiler. Belent Watançylyk duýgulary ene süýdi
bilen süňňüne ornan bu ýaş ýigitler faşistlere garşy aldym-berdimli söweşlerde
watansöýüjiligiň, mertligiň oňat nusgasyny görkezdiler. Olaryň köpüsine frontdan
gaýdyp gelip, söýgüli kärlerine eýelik etmek miýesser etmedi. Olaryň atlary,
suratlary uçilişäniň “Söweş we zähmet şöhraty” muzeýinde mynasyp orny
eýeleýärler. Uçilişäniň okuwçylaryndan köp sanlysy Beýik Watançylyk urşunyň
frontlarynda gahrymanlarça söweşip, ençeme orden, medallara mynasyp boldular.
Ine, olaryň birnäçesiniň atlary: Atabaý Pälwanow, Nagym Aşyrow, Berdi
Töräýew, Gurt Babahanow, Çöli Ataşow, K.Myradow, S.Serdarow. Beýik
Watançylyk urşy ýyllarynda bilim ojagynyň işine Berkeli Öwezow ýolbaşçylyk
edýär. Beýik ýeňşe we bilimi ösdürmeklige goşan goşandy üçin Berkeli Öwezow
«Отличник народного просвещения» atly döwlet nyşanyna mynasyp bolýar.
Hydyr Derýaýewiň adynyň dakylmagy
1990 ýylyň 14-nji apreli
Türkmenistan SSR Ministrler Kabinetiniň 14-nji apreldäki 114-nji belgili Karary
bilen bilim ojagyna görnükli ýazyjy, pedagog Hydyr Derýaýewiň ady dakylýar.
Mugallymçylyk mekdebi (häzirki derejesi)
2001 ýylyň 15-nji noýabry
Türkmenistanyň Bilim ministriniň 146-njy belgili Buýrugyna laýyklykda, atlary
millileşdirmek maksady bilen, okuw mekdebine häzirki ady — Hydyr Derýaýew
adyndaky Mugallymçylyk mekdebi diýen at berilýär.
Geçen ýyllaryň içinde Mugallymçylyk mekdebiniň işine Mufti Zade, Akçurin,
Bäşim Kazyýew, Atabaý Atakow, Mämmet Meredow, Baýram Esenow, Myrat
Pälwanow, Tagan Berdiýew, Nagym Aşyrow, Berkeli Öwezow, Safar
Seýfullaýew, Juma Saparow, Orazdurdy Maradow, Aman Berdiýew, Ata
Hojageldiýew, Gandym Gülekow, Akga Gurbanberdiýew, Baýram Annadurdyýew
ýaly öz işiniň ussatlary, başarjaň adamlaryň birnäçesi ýolbaşçylyk edip, olar
mekdebi ýurdumyzyň abraýly okuw jaýlarynyň birine öwrülmegine saldamly
goşant goşdular. Häzirki wagtda Mugallymçylyk mekdebiniň işine pedagogika
ylymlarynyň kandidaty Maral Annagulyýewa ýolbaşçylyk edýär.
Mekdebimiz özüniň asyra golaý taryhynyň dowamynda diňe bir
Türkmenistanda däl, eýsem ozalky soýuz derejesinde hem iň göreldeli we
öňdebaryjy bilim ojaklarynyň biri hökmünde yglan edilip, ýokary derejeli
diplomlar bilen sylaglandy. Ýönekeý mysal: bu bilim edarasy okuw-terbiýeçilik
işiniň görkezijileri boýunça ozalky Sowet Soýuzynyň ýörite orta-hünär okuw
mekdepleriniň arasynda üç ýylyň dowamynda ýokary netije gazanyp, 1983-nji
ýylda 3-nji, 1985-nji ýylda 2-nji hem-de 1986-njy ýylda 3-nji orny eýeläp, degişli
diploma mynasyp bolupdyr. Ýeri gelende bellesek, bu gözden geçirilişe tutuş
Soýuz boýunça degişli okuw mekdepleriniň 4500-den gowragy gatnaşan eken.
GÖRELDELI UÇURYMLARYMYZ
Şu günki güne çenli mekdebimiz ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin 12 müňe
golaý ýörite orta bilimli mugallymlary we terbiýeçileri taýýarlady. Mekdebimizi
tamamlan uçurymlar diňe bir bilim pudagynda däl, eýsem eziz Watanymyzyň
gülläp ösmegi ugrunda halk hojalygynyň dürli ugurlarynda zähmet çekip gelýärler.
Olaryň arasynda ylmyň, döwlet dolandyryşynyň, medeniýetiň we saglygy
goraýyşyň iň ýokary basgançaklaryna ýeten abraýly şahsyýetler hem bar.