Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Orta hünär mekdepleri bölümine gaýtmak
Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi

Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi

Orta hünär mekdepleri Aşgabat ş. 64 görülme sany

Mazmuny

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow:
- Ýurdumyzyň her bir maşgala ojagynyň bagtyýarlygy, halkymyzyň
abadançylygy üçin durmuşyň ýokary derejesini üpjün etmek, bäsdeşlige ukyply
milli ykdysadyýeti döretmek boýunça maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa
geçirdik. Jemgyýetçilik durnuklylygyny, durmuş adalatlylygyny, berk hukuk
düzgünini üpjün edýän güýçli we netijeli häkimiýet, dolandyryş ulgamyny kemala
getirmek bilen, milli döwletlilik ýörelgelerimizi dabaralandyrdyk.
Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi Türkmenistanyň
Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 8-nji iýulyndaky 11721 belgili Karary we
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2011-nji ýylyň 9-njy iýulyndaky 173-nji
buýrugy bilen döredildi.
Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň esasy maksady
Türkmenistanyň maliýe-ykdysady ulgamynyň pudaklary hem-de döwlet pudak
edaralary üçin kämil dünýägaraýyşly, tehnologik ösüşlerden baş çykarýan ýörite
orta bilimli ykdysatçy-hünärmenleriň taýýarlanylmagyny, şeýle hem hünär
öwretmegiň, bilim-terbiýe bermegiň döwrebap usullaryndan peýdalanylmagyny
üpjün etmekden ybarat bolup durýar.
Bu ýerde 2 sany I derejeli mugallym, 7 sany II derejeli mugallym, 23 sany
mugallym zähmet çekýär.
2013-nji ýyldan başlap Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi
öz uçurymlaryny işe ýollap ugrady. 2013-2026-njy ýyllar aralygynda uçurymlaryň
1687-si mekdebi tamamlap, şolaryň 199-ysy tapawutlanan diplomlara mynasyp
boldylar.