Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
- Mugallymçylyk adamzat durmuşynyň irki döwürlerinden bäri iň abraýly,
hormatly kärleriň biridir. Gowy mugallym özüni çaganyň ýerinde, çagany
bolsa öz ýerinde goýup göz öňüne getirmäge çalşar. Her bir çaga bilen
aýratynlykda işlemegi öwrenmek gerek. Şeýdip işlemek mugallymyň özi
üçinem gyzykly bolar...
Bilim berýän adam aýratyn hormat-sylaga mynasypdyr. Dünýä integrasiýasy
bilen deň gadam urýan Watanymyzda mugallymçylyk käri jemgyýetimiziň
bezegine öwrüldi. Mugallymlar barada alada geljekde hem döwletiň baş
aladalarynyň biri bolar.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-
ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan hem-de
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 17-nji fewralynda çykaran 442-nji
Karary esasynda döredilen Mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi
Türkmenistanyň Mejlisiniň 2023-nji ýylyň 18-nji martynda çykaran 546-VI
belgili Karary esasynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher
mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi diýlip atlandyryldy.
Bu mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde ylymly – bilimli, kämil
ruhly, sagdyn ahlakly, giň dünýägaraýyşly, Watana, halka wepaly hünärmenler
taýýarlanylýar.
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk
orta hünär okuw mekdebiniň düzümine ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny
dünýä derejelerine ýetirmek üçin zerur bolan hünärler goşuldy:
1. Başlangyç synplarda okatmak
2. Mekdebe çenli bilim we terbiýe
Ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän Arkadag şäher
mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi geljekde, halkymyzyň ençeme
nesillerine bilim we terbiýe bermegi, ussat halypa mugallymlary we terbiýeçileri
terbiýeläp ýetişdirmegi maksat edinýär. Çünki halkymyzyň arasynda
mugallymçylyk käri iň arzyly kärileriň biri hasaplanýar. Hut şonuň üçin, şu günki
günde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň gülläp ösmeginde başlangyç synp
mugallymlarynyň we terbiýeçileriniň aýratyn orny bar. “Mugallym” we
“Terbiýeçi” diýlen ada mynasyp boljak hünärmenleri taýýarlamakda
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär
okuw mekdebiniň belent derejelere ýetjekdigi ikuçsyzdyr. Çünki, bu ýerde
dünýäniň iň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan okuw binalary hereket
edýär.
Şu ýyl mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi 118 sany öz ilkinji
uçurumlaryny Ahal welaýatynyň we Arkadag şäheriniň garamagyndaky
umumybilim berýän orta mekdeplerine we çagalar baglaryna işe ýollaýar.
Mekdebimizde 33 sany mugallym zähmet çekýär. Häzirki wagtda olar
bilimiň hilini ýokarlandyrmak, okatmagyň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak we
okuw maksatnamalaryny netijeli durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleri alyp
barýarlar.
Mekdepde sanly ykdysadyýet we akylly tehnologiýa babatda bilim bermek
işini ýola goýmak we STEM usulyýetini ornaşdyrmak boýunça 2026-njy ýylda
ýerine ýetiriljek işleriň tassyklanan meýilnamasy esasynda mekdebimiziň
mugallymlarynyň, talyplarynyň hem-de Arkadag şäheriniň edara-kärhanalarynda
zähmet çekýän, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň
gatnaşmagynda öz wagtynda gysga möhletli okuwlary guralýar.
Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2026-njy ýylyň 5-nji fewralynda çykaran
36 belgili buýrugy bilen tassyklanan Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine
okatmagyň STEM usulyýetini tapgyrlaýyn ornaşdyrmagyň 2026-njy ýyl üçin Ýol
kartasynyň 2.4 bendine laýyklykda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag
şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň utgaşdyrmagynda
“Mugallymçylyk ugurly orta hünär okuw mekdepleriniň talyplaryna STEM
usulyýetini öwretmek boýunça fakultatiw okuwlaryň okuw Maksatnamasy”
taýýarlanyldy we 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Bilim
ministriniň orunbasary tarapyndan tassyklanyldy.