Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi 1927-nji ýylda “Daşhowuzyň
pedagogik tehnikumy” ady bilen döredildi. Ilki okuwyň möhleti 3 ýyllyk bolup, ilkinji
okuw ýylynda 100 adam okuwa kabul edilipdir. 1930-njy ýylda “başlangyç klas
mugallymy” hünäri bilen uçurymlaryň ilkinji göýberilýär
1941-1942-nji okuw ýylynda okuwyň möhleti 2,5 ýyla çenli gysgaldylýar.
Mugallymlaryň uly topary, talyplaryň hem 100-e golaýy 1941-nji ýylyň dekabrynda
meýletinlik bilen Watan goragyna ugraýarlar.
Daşoguz welaýat statistika müdirligi tarapyndan 1994-nji ýylyň 19-njy
ýanwarynda 65056 belgide “Beki Seýtäkow adyndaky Daşhowuz pedagogika uçilişesi”
ady bilen hasaba alynan.
Okuw mekdebimiz 2001-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Bilim
ministrliginiň çykarylan 146 belgili buýrugyna laýyklykda “Beki Seýtäkow adyndaky
Mugallymçylyk mekdebi” diýlip atlandyrylyp başlandy.
Bu baýry okuw mekdebinde döwletimiziň orta mekdeplerine başlangyç synp
mugallymlary, mekdebe çenli bilim we terbiýeçilik edaralaryna çagalar bagynyň
terbiýeçisi hünärleri boýunça häzirki wagta çenli 21748-den gowurak hünärmenler
taýýarlandy.
Häzirki wagtda Mugallymçylyk mekdebinde edara ediş dolandyryş işgärleriniň 7
sanyny, okuwa kömekçi işgärleriniň 5 sanysy, mugallymlarynyň 74 sanynysy, hojalyk
işgärleriniň 29 sany zähmet çekýärler we 1076 sany talyplar bilim alýarlar.
Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary tarapyndan birnäçe sany okuw
kitaplary, okuw gollanmalary we tejribe işleriniň toplumlary ýazylan.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleri
barada edýän tagallalary netijesinde Mugallymçylyk mekdebimizde 2013-2014-nji
okuw ýylyndan başlap okuwyň möhleti 2 ýyldan 3 ýyla çenli uzaldyldy.
Mugallymçylyk mekdepleriniň okuw meýilnamalary esasynda mekdebimizde okuwlar
umumy, amaly, söhbet we tejribe görnüşinde guralýar. Okuwlar okatmagyň häzirki
zaman tehnologiýalary bolan interaktiw tagtalar we proýektorlar bilen üpjün edilen.
Mugallymçylyk mekdebinde talyplara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak we
gözegçilik etmek maksady bilen “eŽurnal”, “eSapak”, “eKitaphana”,
“KitapDolandyryş” we “Maglumat dolandyryş ulgamy-MDU” ýaly sanly ulgamlary
hereket edýär. Talyplarymyz nazaryýetde alan bilimlerini tejribelikde ulanmaklary üçin
okuw-önümçilik tejribeliklerini geçýärler.
Orta hünär mekdepleri bölümine gaýtmak
BEKI SEÝTÄKOW ADYNDAKY MUGALLYMÇYLYK MEKDEBI BARADA
Orta hünär mekdepleri
Daşoguz
138 görülme sany
Mazmuny
Resmi web sahypasy
https://bseytakowmm.edu.tm/?/Biz%20barada/&page=1&/