Türkmenistanyň Halk magaryf komissarlygynyň 1922-nji ýylyň 4-nji
martyndaky №16 buýrugyna laýyklykda Poltorask pedagogik tehnikumy hökmünde
döredildi. Ol 1927-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagtyna öňki milli adynyň
gaýtarylyp berilmegi bilen Aşgabadyň pedagogik tehnikumy, 1938-nji ýyldan
başlap Aşgabadyň pedagogik uçilişşesi diýlip atlandyryldy.
1967-nji ýylyň 13-nji iýulynda SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň
Permany esasynda Aşgabadyň pedagogik uçilişşesi Zähmet Gyzyl Baýdak ordenine
mynasyp boldy.
1975-nji ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Sowetiniň 312
belgili karary bilen uçilişşä Aman Kekilowyň ady dakyldy. Aman Kekilow şu
mekdepde okap bilim alan, okuwy tamamlandan soň şu okuw jaýynda mugallym
bolup zähmet çeken alym, şahyrdyr.
2001-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
çykaran 146 belgili buýrugyna laýyklykda uçilişşe Aman Kekilow adyndaky
Mugallymçylyk mekdebi diýlip atlandyryldy.
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi iň gadymy we abraýly
okuw mekdepleriniň biridir. Şu okuw mekdebi bilim ulgamy üçin başlangyç synp
mugallymlaryny we çagalar baglarynyň terbiýeçilerini taýýarlaýan orta hünärmen
okuw mekdebi bolup, döwlet eýeçiligindäki orta hünärmen okuw mekdebidir.
Okuwyň möhleti 3 ýyl. Bu mekdepde okaýan talyplar Döwlet tarapyndan
tassyklanan okuw maksatnamasy esasynda okap, nazary bilimleri we başarnyklary
ele alýarlar. Şeýle hem talyplar hünär okuwlary bilen bir hatarda ylmy-döredijilik
işleri bilen hem meşgullanýarlar. Okuw otaglary dersleriň mazmun aýratynlyklaryna
baglylykda okuw-görkezme esbaplary we beýleki tehniki enjamlar bilen üpjün
edilen. Bulardan başga-da talyplaryň özbaşdak okamagy we ylmy-döredijilik bilen
meşgullanmagy üçin mekdep kitaphanasy bolup, onda türkmen, rus, iňlis dillerinde
okuw kitaplary hem çeper eserler ýerleşdirilen.
Mugallymçylyk mekdebiniň 2-3-nji ýyl talyplary Aşgabat şäherindäki
umumybilim berýän orta mekdepleriň başlangyç we 5-6-njy synplarynda öz alýan
hünärleri boýunça mugallymçylyk tejribeçiliginiň, mekdebe çenli bilim we terbiýe
bölüminde okaýan talyplar bolsa çagalar bagynda gözegçilik, synag we terbiýeçilik
işlerini guramagyň inçe tärlerini öwrenýärler. Mugallymçylyk mekdebinde okaýan
2-nji ýyl talyplary tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki we beýleki
ýerlerdäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde tejribeçilik işlerini
geçýärler. Mundan başga-da 3-nji ýyl talyplary okuw ýylynyň ikinji ýarymynda
umumybilim berýän orta mekdeplerde we çagalar baglarynda üznüksiz tejribeçilik
işlerini geçýärler.
Mugallymçylyk mekdebini üstünlikli tamamlan uçurymlara döwlet
tarapyndan tassyklanan nusgadaky diplom berilýär. Mekdebiň uçurymlary
ýurdumyzyň orta mekdeplerinde we çagalar baglarynda iş ýerleri bilen üpjün
edilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 11-nji ýanwaryndaky 12764
belgili karary esasynda Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda “Total Inşaat
Sanayi ve Tijäret A.Ş.” türk kompaniýasy tarapyndan 1000 orunlyk Aman Kekilow
adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň täze binalar toplumynyň gurluşygyna
girişildi.
2015-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda “Bilimler we talyp ýaşlar güni”
mynasybetli Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň täze binalar
toplumy Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen dabaraly ýagdaýda
açylyp ulanylmaga berildi. Mugallymçylyk mekdebiniň täze binalar toplumy
talyplaryň döwrebap bilim almaklaryna, mugallymlaryň döredijilikli işlemeklerine
niýetlenendir.
Mugallymçylyk mekdebinde ýaşlara bilim we hünär bermeklik, olary ata
Watanymyza, halkymyza wepadarlyk ruhunda terbiýelemeklik bilen berk
baglanyşykly işler alnyp barylýar. Mugallymçylyk mekdebi Türkmen Halkynyň
Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyndaky düýpli
özgertmelerine öz mynasyp goşandyny goşup biljek bilim işgärlerini taýýarlaýar.
Mugallymçylyk mekdebinde hereket edýän Türkmenistanyň Demokratik
partiýasynyň ilkinji guramasy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy, Zenanlar
birleşiginiň ilkinji guramasy, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ilkinji
guramasy talyp ýaşlara ylym-terbiýe we hünär bermek bilen bir hatarda wagyz-
nesihat syýasy-terbiýeçilik işlerini maksada laýyk alyp barýarlar.
Talyp ýaşlar bilen medeni-köpçülikleýin işler yzygiderli geçirilip, Berkarar
döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň,
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredýän ähli şertlerinden we
mümkinçiliklerinden doly peýdalanýarlar. Şol esasynda hem ýaşlarymyz
ýurdumyzda her bir geçirilýän şanly senelere,
medeni-köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşýarlar.
Talyp ýaşlar okuwdan boş wagtlary Mugallymçylyk mekdebinde hereket
edýän gurnaklara gatnaşyp, ylym-bilim, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirýärler we
ösdürýärler.
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde “Ýaşlyk” höwesjeň
halk topary hereket edýär. “Ýaşlyk” höwesjeň halk topary Türkmenistanyň
Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi, şeýle-de
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar baýragynyň eýesidir.
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde sporta aýratyn üns
berilýär. Mekdebiň talyp ýaşlary orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda
geçirilýän sport ýaryşlaryna yzygider gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp
bolýarlar.
Mugallymçylyk mekdebinde 7 sany usuly birleşme bolup, mugallymlar okuw
maksatnamalary esasynda talyp ýaşlara okatmaklygyň döwrebap hem çuňlaşdyrylan
bilim-başarnyklaryny öwredýärler.
Mugallymçylyk mekdebiniň hünärleri:
1. Başlangyç synplarda okatmak,
2 .Mekdebe çenli bilim we terbiýe.
100 ýaşy arka atan Mugallymçylyk mekdebi şu geçen ýyllarynyň içinde
ýurdumyza gerekli hakyky hünärmenleri taýýarlaýar. Mugallymçylyk mekdebi
ýurdumyzyň beýleki okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, ýaşlara diňe bilim we hünär
öwretmek bilen çäklenmän, Döwlet derejesinde geçirilýän bäsleşiklere,
baýramçylyk dabaralaryna işjeň gatnaşýan bilim ojagydyr. Dünýä ülňülerine gabat
gelýän Mugallymçylyk mekdebiniň täze okuw binasynda talyp ýaşlar okap, ylym-
bilim alyp, ýurdumyza, Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly
Gahryman Serdarymyza gerekli hünärmenler bolup ýetişerler.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň
eşretli durmuşda ýaşamagy üçin, ýaş nesillerimiziň okamagy, öwrenmegi, gurmagy,
döretmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň,
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il bähbitli, dünýä
ähmiýetli alyp barýan beýik işleri rowaç bolsun!