Türkmenistanda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bina edilendigi, bu ýokary okuw mekdebinde bu ugurdan ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanjykdygy ýurdumyzda atçylyk pudagyna uly üns berilýändigine ýene-de bir gezek şaýatlyk edýär. Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebine meşhur seýis, ussat atşynas, şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýewiň adynyň dakylmagy ýurdumyzda halypalara goýulýan belent sarpadan nyşandyr.
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 10-njy fewralynda çykaran 423 belgili Karary esasynda döredildi.
Akademiýa umumy meýdany 20 gektara deň bolup, onuň çäginde 9 gatdan ybarat bolan baş bina we onuň iki tarapynda dört gatdan ybarat okuw binalary, ýapyk manež, athana hem-de atlar üçin türgenleşik gezim meýdançalary, açyk we ýapyk sport toplumy, 2 gatdan ybarat kitaphana we muzeý binasy, iki sany umumy ýaşaýyş jaýlary, naharhana binasy, 600 orunlyk uly mejlisler zaly we 200 orunlyk kiçi mejlisler zaly öz içine alýar.
Ýokary okuw mekdebi döwrebap kompýuter, barlaghanalar, simulýatorlar okuw türgenleşik, tejribe ylmy-barlag, multimediýa we lingafon enjamlar, şeýle hem binanyň birinji gatynda talyplar we mugalymlar üçin niýetlenen çaýhana (bufet) ýerleşýär. Döwrebap tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan akademiýada umumy, tejribe we amaly otaglar, diplom we ylmy-barlag işlerini alyp barmaga niýetlenen otaglar, Ot-iým seljermesi, Süýtçilik işi, Molekulýar genetika, Mikrobiologiýa, Epizootologiýa, Immunologiýa, Parazitologiýa, Anatomiýa, Fiziologiýa we Gistologiýa ýaly barlaghana otaglar döwrebap enjamlar, öňdebaryjy tehnikalar we okatmagyň ýörite serişdeleri bilen üpjün edilen.
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň düzüminde ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ylmy taýdan ösdürip, halkymyzyň milli mirasy bolan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny ýaýbaňlandyrýan 5 fakultet we 8 kafedra hereket edýär.
1) Atçylyk fakulteti;
2) Atçylygyň weterinariýasy fakulteti;
3) Oba hojalygynyň ykdysadyýeti fakulteti;
4) Atly sport, syýahatçylyk we milli at üstündäki oýunlar fakulteti;
5) Hünär derejesini ýokarlandyryş fakulteti.
1) Atçylyk we seýisçilik kafedrasy;
2) Atlaryň köpeldilişi we iýmitlendirilişi kafedrasy;
3) Epizootologiýa we parazitologiýa kafedrasy;
4) Atlaryň kesellerini anyklamak we bejermek kafedrasy;
5) Atly sport, syýahatçylyk we milli at üstündäki oýunlar kafedrasy;
6) Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy kafedrasy;
7) Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy;
8) Tebigy bilimler we kompýuter tehnologiýasy kafedrasy.
Olarda hünär ugurlarynyň 4-si, hünärleriň hem-de taýýarlyk ugurlarynyň 9-sy boýunça hünärmenler we bakalawrlar taýýarlanylýar.
I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):
1. Weterinariýa we zootehniýa (hünärler: atçylyk; weterinar lukmançylygy).
II. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):
1. Weterinariýa we zootehniýa (taýýarlygyň ugurlary: seýisçilik; weterinar we sanitar ekspertizasy).
2. Bedenterbiýe we sport (taýýarlygyň ugry: atly sport we atly syýahatçylyk; milli at üstündäki oýunlar).
3. Sahna sungatlary we edebi döredijilik (taýýarlygyň ugry: sirk sungaty).
4. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda)) ugurlary boýunça taýýarlanylýar.