Logo
Orta mekdepler bölümine gaýtmak
Kämilligiň aýdyň ýoly

Kämilligiň aýdyň ýoly

Orta mekdepler Ählisi 6 görülme sany

Mazmuny

2025 — 2026-njy okuw ýy­ly Te­jen et­ra­byn­da­ky te­bi­gy ugur­ly ders­le­re ýö­ri­te­leş­di­ri­len 33-nji or­ta mek­dep üçin şow­ly ýyl­la­ryň bi­ri bol­dy. «Al­tyn asy­ryň al­tyn ze­hin­le­ri» ders bäs­le­şi­gin­de mek­de­bi­mi­ziň okuw­çy­la­ry­nyň ýig­ri­mi do­ku­zy­sy we­la­ýat tap­gy­ry­nyň ýe­ňi­ji­si bol­du­lar. Bäs­le­şi­giň döw­let tap­gy­ryn­da bol­sa dört okuw­çy­myz üs­tün­lik ga­zan­dy. Şol üs­tün­lik­le­riň esa­sy bö­le­gi mek­de­bi ta­mam­la­ýan uçu­rym­la­ry­my­za de­giş­li­dir. Şu ýyl mek­de­bi­mi­zi uçu­rym­la­ryň 103-si ta­mam­la­ýar. Mek­de­bi ta­mam­la­ýan okuw­çy­la­ry­myz ýa­zuw­dan, al­geb­ra we ana­li­ziň baş­lan­gyç­la­ry der­sin­den jem­leý­ji sy­nag­la­ry üs­tün­lik­li tab­şyr­mak üçin taý­ýar­lyk iş­le­ri­ni ne­ti­je­li alyp bar­dy­lar. Bu iş­ler­de okuw­çy­la­ra gu­tar­dyş synp­la­ryň synp ýol­baş­çy­la­ry bi­len bir­lik­de, ma­te­ma­ti­ka mu­gal­ly­my Be­genç Baý­ram­dur­dy­ýew uly gol­daw ber­di.

Sy­nag­la­ryň üs­tün­lik­li geç­me­gin­de oňa taý­ýar­lyk görmek mö­hüm­dir. Sy­nag­la­ryň gu­ra­ma­çy­lyk­ly geç­me­gin­de, il­ki bi­len, dä­liz­ler­de ýer­leş­di­ri­len sy­nag bur­çu­ny bel­le­mek ge­rek. Bu burç­da okuw­çy­nyň ene-ata­sy­na, mu­gal­lym­la­ra we okuw­çy­la­ra ýat­la­ma, sy­na­ga taý­ýar­lyk we sy­nag gün­le­ri­niň ter­ti­bi, sy­nag to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry ba­ra­da mag­lu­mat be­ril­ýär. Şeý­le-de sy­nag otag­la­ry saý­la­nyp al­nyp, olar­da sy­nag­da ulan­ma­ga mas­la­hat be­ril­ýän gör­kez­me es­bap­la­ry ýer­leş­di­ril­di. Sy­nag­da okuw­çy­la­ryň ýaz­ma­ly sy­nag ka­gyz­la­ry taý­ýar­la­nyp go­ýul­dy. Sy­nag­lar bo­ýun­ça her der­se de­giş­li ýö­ri­te sy­nag dep­der­le­ri ýö­re­dil­di. My­sal üçin, al­geb­ra we ana­li­ziň baş­lan­gyç­la­ry der­sin­den döw­let sy­nag­la­ry­na taý­ýar­lyk dep­de­ri ýö­re­dil­di. On­da okuw­çy bu ders­den gu­tar­dyş sy­na­gy­na ni­ýet­le­nen ýu­muş­lar ýy­gyn­dy­syn­dan dü­şün­me­dik ýa-da çö­züp bil­me­dik my­sal-me­se­le­le­ri­ni mu­gal­ly­my bi­len bir­lik­de gaý­ta­dan öw­ren­di. Bu bol­sa okuw­çy­nyň sy­na­gy üs­tün­lik­li tab­şyr­ma­gy­na ýar­dam ber­di.

Aý­my­rat MA­ME­DOW,
Te­jen et­ra­byn­da­ky te­bi­gy ugur­ly ders­le­re ýö­ri­te­leş­di­ri­len 33-nji or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my.