Ýurdumyzda ýaşlarymyzyň çuňňur bilim almaklary, watansöýüji, hünärli adamlar bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalar edilýär. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» bilim ulgamynyň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak we halkara derejesinde bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek esasy wezipeleriň biri hökmünde bellenilýär. Bu edilýän aladalar öz oňyn netijelerini hem berýär. Muňa türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň halkara ders bäsleşiklerindäki üstünlikli çykyşlary aýdyň şaýatlyk edýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji bäş aýynda mekdep okuwçylary we talyplary halkara ders we internet bäsleşiklerinde 871 medal gazanmagy başardylar.
Şu nukdaýnazardan, mekdep okuwçylaryny halkara ders bäsleşigine taýýarlamak boýunça birnäçe maslahatlary bermegi maksadalaýyk hasap edýäris. Mugallymyň esasy wezipeleriniň biri zehinli okuwçylary ýüze çykarmakdyr. Onuň üçin, ilkinji nobatda, mugallym okuwçylaryny gündelik synlamalydyr, öwrenmelidir. Okuwçylar bilen barlag we gurnak işlerini geçirmelidir. Her bir çaganyň mümkinçiliklerini bahalandyrmalydyr we deňeşdirmelidir. Çagalar bilen döredijilik toparlaryny döretmek, gurnaklarda işlemek we beýleki synpdan daşary işlere okuwçylary gatnaşdyrmak hem peýdalydyr. Şeýle hem okuwçylaryň bilelikde işlemegi, bilimlerini paýlaşmagy, öň halkara bäsleşigine gatnaşan okuwçynyň öz tejribesi bilen paýlaşmagy hem netijeli usullaryň hataryna girýär.