Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesillere döwrebap bilim bermek, olaryň zehinlerini ýüze çykarmak barada edýän yzygiderli aladalary bu günki gün özüniň ajaýyp miwesini berýär. Mekdep okuwçylary bilim başarnyklaryny görkezip, halkara derejeli olimpiadalarda guwandyryjy üstünlikleri gazanýarlar. Şeýle zehinli ýaşlaryň biri hem Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Aýläle Balbaýewa.
Aýläle Russiýa Federasiýasynyň Saratow şäherinde ýerleşýän «Erudit» ylym-bilim merkezi tarapyndan 2026-njy ýylyň 15-nji fewraly — 15-nji marty aralygynda guralan XIII Halkara utgaşdyrylan «Astromatik» olimpiadasynda ýokary netije görkezip, 1-nji orna mynasyp bolmagy başardy. Bu olimpiada onlaýn görnüşde guralyp, oňa gatnaşyjylar öz synp derejesine laýyklykda matematika degişli logiki we hasaplama ýumuşlaryny ýerine ýetirýärler. Ol halkara derejeli bäsleşik bolup, dürli ýurtlardan mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýär.