Türkmen oba hojalyk instituty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ýaş ýokary okuw mekdepleriniň biridir.
Ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryna laýyklykda enjamlaşdyrylyp, ýaşlara ýokary derejede hünär öwretmek üçin ähli zerur şertler döredilen Türkmen oba hojalyk institutynyň açylmagy, Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmek bilen bir hatarda, pudagyň karine ussat, ökde hünärmenler bilen üpjün edilmegine hem uly üns berýändigine şaýatlyk edýär.
Institut 2010-njy ýylyň 13-nji maýynda işe girizildi.
Türkmen oba hojalyk institutynyň fakultetleri:
- Agronomçylyk;
- Weterinar lukmançylygy;
- Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek.
Türkmen oba hojalyk institutynyň kafedralary:
- Ösümlikçilik;
- Bagbançylyk we gök ekerançylyk;
- Agrohimiýa we topragy öwreniş;
- Jemgyýeti öwreniş ylymlary;
- Kompýuter tehnologiýasy;
- Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy;
- Maldarçylyk;
- Mallaryň kesellerini anyklamak we bejermek;
- Oba hojalygynyň meliorasiýasy;
- Gidromelioratiw işleriň tehnologiýasy;
- Tebigy bilimler;
- Oba hojalyk tehnikalaryny ulanmak we abatlamak;
- Traktor we oba hojalyk maşynlary;
- Amaly mehanika.
Institutda aşakdaky 9 hünär we 9 taýýarlyk ugurlar boýunça talyplar bilim alýarlar. Hünärler:
- Agronomçylyk;
- Agrohimiýa we agrotopragy öwreniş;
- Agroekologiýa;
- Oba hojalyk ekinleriň seçgisi we tohumçylygy;
- Ýyladyşhana hojalygy;
- Weterinar lukmançylygy;
- Gidromeliorasiýa;
- Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek;
- Tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy;
Bakalawrlar:
- Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyryşy;
- Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda);
- Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda);
- Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda);
- Sanly dolandyryş;
- Gidrotehniki desgalar;
- Ýer gurluşygy we kadastrlar;
- Awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak (oba hojalygynda);
- Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy.
Institutyň binalar toplumy okuw binasyndan, 3 sany umumy ýaşaýyş jaýyndan, medeniýet merkezinden, sport toplumyndan, naharhanadan, hojalyk binalaryndan durýar. Institutda talyplar üçin kiçi mejlishana, kitaphana, elektron kitaphana, internet otagy hereket edýär.
Biziň salgymyz: Daşoguz şäheriniň Ruhnama köçesiniň 94-nji jaýy
Telefon: (800322) 9-27-47
Resmi web-sahypa: https://www.tohi.edu.tm;
E-mail: tohi tm@sanly.tm