Logo
Ýokary okuw mekdepleri bölümine gaýtmak
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy

Ýokary okuw mekdepleri Aşgabat ş. 9 görülme sany

Mazmuny

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy ýurdumyzda professional aýdym-saz ugrundan ýokary bilim berýän ýeke-täk ýokary okuw mekdebidir. Ol 1972-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabatda Türkmen döwlet mugallymçylyk sungat ins­tituty ady bilen açylypdy.

Şol ýyllarda bu ýokary okuw mekdebinde “Sungat”, “Saz mugallymy”, “Medeni aň-bilim” fakultetleri we Sazyň taryhy, nazaryýeti we kompozisiýa, Ýörite we umumy fortepiano, Ýekelikde aýdym aýtmak, Umumy wokal we dirižýorlyk etmek, Orkestr we halk saz gurallary, Jemgyýetçilik ylymlary kafedralary hereket edýärdi .

Kop ýyllaryň dowamynda Türkmen milli konserwatoriýasynyň gurluşynda  birnäçe özgertmeler bolup geçdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda 1992-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmen döwlet mugallymçylyk sungat institutynyň esasynda Aşgabat döwlet konserwatoriýasy we Türkmen döwlet medeniýet instituty döredilýär. Şol karara laýyklykda Aşgabat döwlet konserwatoriýasyna “Sungat” fakulteti we “Saz mugallymy” hünäri degişli edilýär. 1993-nji ýylda Aşgabat döwlet konserwatoriýasy Türkmen milli konserwatoriýasy diýlip atlandyrylýar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň “Türkmen milli konserwatoriýasyna Maýa Kulyýewanyň adyny dakmak hakynda” 2019-njy ýylyň 02-nji martynda çykaran kararyna laýyklykda, Türkmen milli konserwatoriýasyna Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň ady dakyldy.

Konserwatoriýada 4 sany fakultet (Halk sazy, Komposiziýa saz öwreniş we fortepiano, Orkestr saz gurallary, Aýdym, dirižýorlyk we saz mugallymçylygy), 16 sany kafedra hereket edýär. Olarda Aýdym-saz sungaty taýýarlyk ugrunyň hünärleriniň 15-si boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.

Aýdym-saz sungaty (hünär: Halk saz gurallary; Bagşyçylyk sungaty; Türkmen sazy; Fortepiano; Sazşynaslyk; Kompozisiýa; Estrada sungaty; Kirişli saz gurallary; Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary; Saz mugallymçylygy; Aýdym sungaty; Hor dirižýorlygy).

Resmi web sahypasy
https://tmk.edu.tm/