Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Ýokary okuw mekdepleri bölümine gaýtmak
TÜRKMEN DÖWLET BEDENTERBIÝE WE SPORT INSTITUTY

TÜRKMEN DÖWLET BEDENTERBIÝE WE SPORT INSTITUTY

Ýokary okuw mekdepleri Aşgabat ş. 81 görülme sany

Mazmuny

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň binalar toplumy häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär we gözel paýtagtymyzyň sport binalary bilen sazlaşýar. 2012-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň täze binalar toplumy, 2020-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda bolsa Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň täze binalar toplumy Milli Liderimiziň  özüniň ak pata bermeginde açylyp ulanylmaga berildi.
Institut 7 sany binalar toplumyndan ybarat bolup, administratiw - dolandyryşly okuw binasy, ylmy barlaghanaly Sportuň olimpiýa görnüşleriniň fakultet binasy, 400 we 450 orunlyk talyplara niýetlenen 2 sany umumy ýaşaýyş jaýlary, naharhana, sport ýaryşlary we türgenleşikleri geçirmek üçin ähli şertleri döredilen sport toplumlaryň 2 sanysy binalar toplumyny düzýärler. Institutyň sport we okuw binalary häzirki zaman interaktiw-multimediýa, kompýuter tehnologiýalary, lingafon otaglary, öňdebaryjy sport enjamlary we tehniki serişdeleri bilen üpjün edilendir. Umumy ýaşaýyş jaýlarynda talyplaryň ýaşamaklary, okamaklary we dynç almaklary üçin ähli amatlyklar we şertler döredilendir. Institutda, şeýle-de ähli binalarda peýdalanmak mümkinçiligi bolan elektron kitaphana, internet otagy we  sport meýdançalary bar.